Sepleriň elýeterliligi

Yragyň Bagdat we Hilla şäherlerinde azyndan 26 adam öldürildi


Bagdatda bolan partlamarlda ýanan ulaglardan birnäçesi. Bagdat, 8-nji fewral, 2013.

Bagdatda bolan partlamarlda ýanan ulaglardan birnäçesi. Bagdat, 8-nji fewral, 2013.

Anna güni Yragyň resmileri Bagdatda we Hilla şäherinde amala aşyrylan partlamalarda jemi 26 adamyň ölendigini we onlarça adamyň ýaralanandygyny mälim etdiler.

Bu wakalardan birinde Bagdadyň guş bazarynda amala aşyrylan iki sany partlamada azyndan 13 adam ölüp, 30 töweregi adam ýaralanypdyr.

Anna güni Yragyň Babil prowinsiýasynyň Hilla şäherinde-de içine bomba ýerleşdirilen iki sany maşynyň partladylmagynda ýene 13 adamyň ölendigi habar berilýär.

Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Yrakdaky hüjümleriň sany has-da artdy. Anna günki hüjümleriň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG