Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

20 ýaşan döwlet dili: Kämilligi nämeler bökdeýär?


Türkmen diliniň sözlgi
Türkmen diliniň sözlgi
Türkmenistanda türkmen diline döwlet dili durumynyň berlenine 20 ýyldan gowrak wagt boldy.

Ýöne ýurt içinden gelýän habarlarda türkmen diliniň henizem ýeterlik derejede ulanylmaýandygy, hatda söwda-satyg bildirişleriniň hem diňe rus dilinde çap edilýän halatlarynyň bolýandygy aýdylýar.

Galyberse, döwlet derejesinde bolýan wakalar barada internetde çap edilýän habarlaryň hem ilki rus dilinde çykyp, soňra türkmençä terjime edilýändigi, ilatyň esli böleginiň rus telekanallarynyň gepleşiklerini diňlemäge ýykgyn edýändigi, türkmen dilinde çap edilýän gazet-žurnallaryň bolsa okyjysynyň köpelibermeýändigi hakynda maglumatlar bar.

Mundan başga, türkmen kanunlarynyň hem ilki rus dilinde taýýarlanyp, soň türkmençä terjime edilýändigi barada resmi bolmadyk maglumatlar bar.

Döwlet edara-kärhanalaryna, hatda daşary ýurtlardaky türkmen ilçihanalaryna jaň eden halatlarynda, özlerine orsça jogap berilýändigini aýdýan raýatlar hem bar.

Eýsem Türkmenistanda türkmen diliniň jemgyýetdäki orny nirede? Onuň ulanylyşynda, hakykatdan hem döwlet diline öwrülmeginde nähili bökdençlikler bar?

Azatlyk Radiosy nobatdaky “Tegelek stol” söhbetdeşligini şu meselä bagyşlamagy planlaşdyrýar. Bu barada pikirleriňiz, bellikleriňiz bolsa, bize iberip, ýazyp we telefon edip bilersiňiz.

Eger telefon arkaly söhbetdeşlige gatnaşmak isleseňiz, ýa bölek, aýratyn ýagdaýda pikiriňizi aýtmakçy bolsaňyz, telefon nomeriňizi hem iberip bilersiňiz. Hatlaryňyza, pikirleriňize garaşýarys.

Biziň bilen Skype arkaly hem habarlaşyp bilersiňiz. Biziň Skype salgymyz: azatlykradiosy

XS
SM
MD
LG