Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: “Haý-küş etmeli welin…”


Çekeleşik karikaturasy.
Çekeleşik karikaturasy.
“Haý-küş etmeli welin…”

Bir gezek saragtly şahyr Gurban Çaryýew (Gurban Wehimi) nebitdagly şahyr dosty Pyhy Taganyň öýüne öňünden duýdurmazdan myhmançylyga barmak kararyna gelýär. Niýeti Pyhy dädäniň öýüne gapyllykda myhman bolup, ony oňaýsyz ýagdaýa salyp, şahyr dostunyň çetine degmek eken.

Nebitdaga birinji sapar gelşi bolany üçin, ol ondan-mundan sorap, Pyhy Taganyň öýüni ikindinara tapýar. Pyhy däde şol wagt jaýynyň öňündäki agaç sekide (teläriň üstünde) çaý içip oturan eken. Pyhy Taganyň derwezesini ýassanyp ýatan mähnet köpege (ite) gözi düşen Gurban Wehimi howla girmäge çekinýär.

Ýöne Pyhy dädäniň üstüni gapyllykda basmak höwesi gorkudan rüstem
gelýär. Üstesine-de, “Gurban Wehimi Pyhynyň itinden gorkupdyr” diýen gepe galmajak bolup, Gurban Wehimi eline ilen daş-kesek bilen derwezäniň önunde ýatan köpegi daşlap başlaýar.

Ol garrap, sandan galan kopek eken. Gurban Wehiminiň zyňýan daş-kesegi tenine degýänem bolsa, turup gaçmaga ýa-da daşlaýanyň üstüne topulmaga mejalynyň ýoklugy üçin, ol her gezek daş-kesek degende, agyra çydaman çyňsaýar. Degýän daşlaryň sany artyp, olaryň yzasy etinden ötüp, süňňüne ýetenden soňra, kopek ýatan ýerinden hyňranyp, üýrüp ugraýar.

Bu ýagdaý 15-20 minut dowam edýär. Iti daşlap geçip bilmejegine ahyrsoňy gözi ýeten Gurban Wehimi duran ýerinden:

– Pyhy, näme üçin görmezlige salan bolup otyrsyň? Haý-küş etseň bolmaýarmy? – diýip, nägilelik bildirip gygyrýar.

Gopýan hikmeti görüp, görmezlige salyp, hezil edip synlap oturan Pyhy Tagan ýassyga ýaplanyp çaý içip oturşyna:

– Wah, görmesine görýän, ýöne haýsýňyza haý-küş etjegimi bilmän otyryn – diýipdir.

***

Gykylyk we dümew

Meşhur bagşy Sahy Jepbarow entek ýetginjek wagty kämilligiň bossanyna gadam goýan bagşy. Ol 12-13 ýaşynda “Oglan bagşy” ady bilen il içinde tanalyp ugraýar. Türkmende “Täze küýzäň suwy sowuk” diýen paýhas-da bar. Her kim ady dilden-dile geçýän “Oglan bagşyny” diňlemegiň höwesinde bolupdyr.

Ýöne adamlar toýa-tomuga gelip, aýdym aýdyp bermegini haýyş edip, Oglan bagşynyň hut özüne çakylyk ýollamandyrlar. Şol döwürde il içinde meşhur bolan sazanda Han agany (meşhur sazanda Täçmämmet Suhangulyýew. Ol ussat sazandalar Çary Täçmämmedowyň kakasy, Ata Täçmämmedowyň atasy) toýa çagyryp, ýörite adam ýollanlarynda “Han aga ýany bilen Oglan bagşyny-da alyp gelewersin!” diýip, sargyt edipdirler.

Sahy aga il içinde adygyp ugranam bolsa, entek oglanlyk häsiýetinden saplanmadyk ýetginjek eken. Ol alys ýere atly ýol söküp, toýa gidenden, obada galyp, deň-duşlaryna aýdym-saz edip berenini kem görmändir. Bir gezek Han aga Sahy agalaryň öýüniň gapysyna atly baryp :

– Sahy jan, tiz atyňy eýerle! Gum obalarynyň ikisinden çakylyk geldi, toýa gidýäs – diýipdir.

Uzak menzil sökmegi, iki gije daňyň düýbi çyzylýança aýdym aýtmagy kyn gören Sahy:

– Han aga, dümewläpdirin, toýa gidip bilmesem gerek – diýipdir.

Aňsat- aňsat adama agyr söz aýtmaýan Han aganyň şol gezek gahary gelipdir:

– Päheýdäniwelin, sakgally gul, tiz atyňy eýerle! Dümewlän bolsaň, turuwbaşdan çeküwli aýdymlary aýt! Dessine derlärsiň, şeýdibem gorraja (telli-pelli ) dümewden açylarsyň – diýipdir.

***

Çykalga

Pyhy Taganyň ogly Zülpikar harby gullugy tamamlap geleninden soň wagty bilen işe ýerleşmändir. Bu ýagdaýa gahary gelen Pyhy däde günlerde bir gün:

– Zülpikar, özüň bilen bile harby gullugy tamamlap gelen oglanlar eýýäm-haçan işe ýerleşdi. Sen bolsa entegem işe girmän, köçe syryp, söwedeňläp ýörsüň. Köçe begine döndüň – diýip, çyny bilen igenipdir.

Zülpikar oňa:

– Ogly men bilen harby gullugy tamamlap gelen beýleki dädeler eýýäm-haçan ogullaryny öýerip, gözli-başly etdi. Olar sen ýaly “Işe ýerleş!” diýip, oglunyň üstüne heňkirip oturanok– diýip, jogap beripdir.

Il içinden çöplän we toplan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew
XS
SM
MD
LG