Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň liderleri ýedi ýyllyk býujet boýunça ylalaşyga geldiler


Anna güni Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň liderleri Brýusselde Bileleşigiň geljek ýedi ýyl boýunça býujeti barada özara ylalaşyga geldiler.

Bu býujet baradaky ylalaşyk 2014-2020-nji ýyllar aralygynda Ýewropa Bileleşiginiň göz öňünde tutýan çykdajylaryny öz içine alýar.

Brýusselde geçirilen bu maslahatda liderler geljek ýedi ýylda Bileleşigiň çykdajylaryny 960 milliard ýewrodan geçirmezlik barada ylalaşyga geldiler.

Indi bu baradaky ylalaşygyň taslamasy Ýewropa Parlamentiniň garamagyna hödürlener. Ýewropa Parlamentinde onuň doly tassyklanylmagy üçin ýene birnäçe aýyň gerek bolmagynyň mümkindigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG