Sepleriň elýeterliligi

Amerikan ilçisi gürjüstanly protestçileri ümsümlige çagyrdy


Anna güni giçlik Tbilisidäki amerikan ilçisi Riçard Norland gürjüstanly protestçileri ümsümlige çagyryp, çykyş etdi.

Anna güni ýüzlerçe protestçi Tbilisidäki Milli kitaphanada prezident Mihail Saakaşwiliniň ýyllyk dokladyna päsgel bermek üçin kitaphananyň binasyna girmäge synanyşdylar. Şol ýerde-de olar Saakaşwili bilen partiýadaş hökümet resmilerine hüjüm etdiler.

Gürjüstanyň parlamenti anna güni prezident Saakaşwiliniň parlamentiň öňünde ýyllyk doklad bilen çykyş etmegine garşy bolup, onuň bu çykyşyny ýatyrdy.

Parlamentde agdyklyk edýän premýer-ministr Bidzina Iwanişwiliniň syýasy koalisiýasy prezident Saakaşwiliden konstitusiýa girizilen täze üýtgetmeleri kabul etmekligi talap etdi. Bu täze üýtgetmeler Saakaşwiliniň käbir ygtyýarlyklaryny elinden almaklygy maksat edinýär.

Parlamentde çykyş etmäge rugsat berilmedik we Tbilisiniň Milli kitaphanasynda-da çykyş etmegine päsgel berlen prezident Saakaşwili ahyrky netijede öz prezident köşgünde öz tarapdarlarynyň öňünde ýyllyk doklad bilen çykyş etmeli boldy.
XS
SM
MD
LG