Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koalision güýçler BMG-niň hasabatyny ret edýär


Owganystandaky amerikan harby wertolýotlary Kandagar welaýatynda howa hüjümini geçirýärler. Kandagar, mart, 2012.
Owganystandaky amerikan harby wertolýotlary Kandagar welaýatynda howa hüjümini geçirýärler. Kandagar, mart, 2012.
Şenbe güni Owganystandaky halkara koalision güýçleriň resmileri amerikan harby operasiýalarynda köp owgan çagalarynyň gyrylýandygy barada BMG-niň ýaýradan hasabatyny ret etdiler. Halkara koalision güýçleri bu hasabatdaky maglumatlary “bütinleý ýerliksiz” diýip atlandyrdy.

Mundan daşary, koalision güýçleriň resmileri Owganystandaky bu ýitgileriň “ätiýaçlyk çäreleriň talabalaýyk däldigi hem-de parh goýmazdan güýç ulanylmagy” sebäpli ýüze çykýandygy barada aýdylanlar bilen-de ylalaşmaýandyklaryny mälim etdiler.

Anna güni BMG-niň Çagalaryň hukuklary baradaky komiteti Owganystanda amerikan güýçleriniň geçiren gury ýer we howa hüjümlerinde ýüzlerçe çaganyň öldürilendigi baradaky fakta alada bildirýändigini aýdyp, ýörite hasabat ýaýratdy.

Bu hasabatda, aýratynam, öldürilen owgan çagalarynyň sanynyň 2011-nji ýylda şondan bir ýyl ozalky bilen deňeşdirilende iki esse artmagynyň has-da uly alada döredýändigi bellenipdir.
XS
SM
MD
LG