Sepleriň elýeterliligi

Germaniýanyň bilim ministri wezipesinden çekildi


Germaniýanyň wezipesinden çekilen bilim ministri Annette Şawan.

Germaniýanyň wezipesinden çekilen bilim ministri Annette Şawan.

Doktorlyk ylmy işinde edebi ogurlyga ýol berenlikde aýyplanylýan Germaniýanyň bilim ministri Annette Şawan şenbe güni öz wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Mundan dört gün öň Dýusseldorf uniwersitetiniň komissiýasy mundan 30 ýyldan gowrak ozal Annette Şawanyň öz doktorlyk dissertasiýasyny goranda plagiata, ýagny edebi ogurlyga ýol berendigini tassyklady we ony doktorlyk ylmy derejesinden mahrum etmek barada ýörite karar çykardy.

Hanym Şawanyň özi uniwersitetiň bu aýyplamalaryny ret edýär. Ol öz wezipesinden çekilmegini bolsa özüniň syýasy partiýasy bilen hökümetiň arasynda dartgynlylygyň güýçlenmeginiň öňüni almak maksady bilen düşündirýär.
XS
SM
MD
LG