Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň hökümeti şertsiz gepleşiklere taýýardygyny aýdýar


Şenbe güni Siriýanyň hökümeti ýurtdaky ýaragly konfliktleriň sonuna çykmak üçin oppozisiýa bilen gepleşik geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Bu barada döwlet telewideniýesinde eden beýanatynda Siriýanyň informasiýa ministri Omran al-Zobhbi şeýle gepleşikleriň geçirilmegi üçin oppozisiýa tarapyndan aýratyn bir şertleriň goýulmaly däldigini belledi.

Ýakynda, 30-njy ýanwarda Siriýanyň oppozision Milli Koalisiýasynyň başlygy özara gepleşikleriň geçirilmegi üçin ýurduň hökümetinden belli bir şertleriň berjaý edilmegini talap edipdi.

Bu şertleriň hatarynda bolsa, 16 müň sany tussagyň türmelerden boşadylmalydygy baradaky şert hem bar. Hökümetiň bu soňky beýanatyna Siriýanyň oppozisiýasy tarapyndan häzirlikçe anyk bir reaksiýa bildirilmedi.
XS
SM
MD
LG