Sepleriň elýeterliligi

Kaşmir regionynda protestçiler polisiýa bilen çaknyşdylar


Şenbe güni Hindistanyň Kaşmir regionynda ekstremistik söweşiji Muhammad Afzal Guruwa berlen ölüm jezasynyň ýerine ýetirilmegi bu regionda bulagaýçylyklaryň ýüze çykmagyna getirdi.

2001-nji ýylda Hindistanyň parlamentine terror hüjümini amala aşyrmakda günäli tapylan Muhammad Afzal Guru şenbe güni suduň karary bilen dardan asylyp öldürildi.

2001-nji ýylda amala aşyrylan şol hüjümde Hindistanyň howpsuzlyk gullugynyň alty sany işgäri we bir ýerli bagban öldürilipdi.

Şu geçen hepdäniň başynda Muhammad Afzal Guruwyň öz günäsiniň geçilmegi barada Hindistanyň prezidentiniň adyna ýazan haýyşyny ýurduň prezidenti ret etdi.

Oňa berlen ölüm jezasyna gahar-gazap bildiren ýüzlerçe protestçi şenbe güni ýerli polisiýa güýçleri bilen çaknyşdylar.
XS
SM
MD
LG