Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Juma Ýazmyrat 75 ýaşynda


Aşgabadyň sazly-drama teatry.
Aşgabadyň sazly-drama teatry.
Şu ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň halk artisti, belli satirik we aktýor Juma Ýazmyradowyň doglan gününe 75 ýyl dolýar.

Juma Ýazmyradow 1938-nji ýylyň 10-njy fewralynda Aşgabat şäheriniň golaýyndaky Herrikgala obasynda dünýä indi. Ol 1956-njy ýylda oba mekdebini tamamlady. Az wagtlyk Mollanepes adyndaky türkmen döwlet drama teatrynda işledi.

1958-nji ýylda Juma Ýazmyradow Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatral institutyna okuwa girdi. Ol Moskwada okuwyny tamamlap gelenden soň türkmen radiosynda hem telewideniýesinde ýaşlar redaksiýalarynda işledi. Sebäbi onuň ukyby täsin sesi arkaly başgalardan tapawutlanýardy.

Ol radioda hem tele gepleşiklerde satiriki sahnalara gatnaşdy. J. Ýazmyradow türkmen poeziýasynyň iň gowy nusgalaryny okap berdi. Şahyr Mämmet Seýidow mydama: “meniň eserimi Juma Ýazmyrat okasyn” diýer ekeni.

Azatlyk Radiosynyň bu gezekki Medeniýet programmasynda dünýäniň dürli regionlaryna degişli käbir medeniýet we sungat täzelikleri bilen birlikde, Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradowyň ýubileýi bilen baglanyşykly hem söhbet edilýär.

Şu baradaky ýörite gepleşigi diňlemek üçin aşaky düwmä basyň:
XS
SM
MD
LG