Sepleriň elýeterliligi

Günüň ekiztaýlary


Akmaýanyň Ýolunda her ýerräkde dagynygrak ýerleşýän Güne çalymdaş ýyldyzlar bar. Astronomlar olara “Günüň ekiztaýlary” diýýärler.

Akmaýanyň Ýolunda her ýerräkde dagynygrak ýerleşýän Güne çalymdaş ýyldyzlar bar. Astronomlar olara “Günüň ekiztaýlary” diýýärler.

Haýsy hem bolsa bir planetanyň ýaşamaga ýaramlydygy ýa-da däldigi onuň diňe bir öz ene ýyldyzyndan alýan ýagtylyk şöhlesine bagly däl. Munda himiýa-da möhüm rol oýnaýar. Käbir ulgamlarda radioaktiw elementler köp bolansoň, planetalaryň jümmüşinde durnuksyz atom özenleriniň dargamagy (radioaktiw dargama) netijesinde köp mukdarda ýylylyk önýär.

Biz öz planetamyz Ýeri gowy görýäris. Türkmenler oňa “Ene Ýer” diýip, ýöne ýere aýdanoklar. Ol bizi we beýleki jandarlary ýaşaýşa gerekli ähli şertler bilen üpjün edip, ýaşaýşyň dürli formalaryny gorap saklaýar, ösdürýär.

Şol sebäpden Gün ulgamyndan daşardaky planetalaryň ýaşaýşa ýaramlydygyna ýa däldigine baha berlende, Ýer ölçeg ülňüsi edilip alynýar. “Şoňa gabat gelmedik planeta – planeta däl. Tutuş Älemde biziň dünýämizden başga dünýä, bizden başga aňly-düşünjeli jandar ýok” diýip, öwünýänler-de ýok däl.

Ýöne golaýda gelnen bir ylmy barlagyň netijelerinden çen tutsaň, bu meselede öwünmekde öte geçýän bolmagymyz hem mümkin. Sebäbi, Älem-hä beýlede dursun, biziň öz galaktikamyzda-da ýaşamaga biziň planetamyzdan amatly ýerler bar. Olar bizden o diýen uzakda-da däl.

“Günüň ekiztaýlary” näme?

Kosmiki watanymyz Akmaýanyň Ýolunda her ýerräkde dagynygrak ýerleşýän Güne çalymdaş ýyldyzlar bar. Göwrümi, ýaşy we himiki elementleri boýunça Günden o diýen tapawutlanmaýan bu ýyldyzlara astronomlar “Günüň ekiztaýlary” diýýärler.

Amerikanyň Ohaýo ştatynyň döwlet uniwersitetiniň astronomlaryndan we geologlaryndan durýan bir topar Güne çalymdaş bu ýyldyzlar boýunça barlag geçirýär. Maksat Gün ulgamyndan daşardaky ýaşaýşyň gözlegine täzeçe çemeleşmek.

Biz bu planetalaryň köpüsi mikrobik ýaşaýşa amatly diýen pikirden ugur alyp bileris

Alymlaryň gelen deslapky netijeleriniň görkezmegine görä, bu ýyldyzlaryň töweregindäki terrestrial planetalaryň jümmüşinde önýän ýylylygyň Ýeriňkiden 25 prosente çenli ýokary bolmagy mümkin. Bu ýagdaý olary geologik taýdan has aktiwleşdirip, ýaşaýyş üçin gerekli akar suwuň bolmak ähtimallygyny ýokarlandyrýar.

Günüň ekiztaýlaryna degişli ýyldyzlaryň häzir öwrenileni sekiz sany. Bu sekiz ýyldyzyň ýedisinde biziň Günümizdäkiden has köp radioaktiw himiki element toriniň (thorium) bardygy anyklandy. Bu sistemalara degişli planetalarda-da ýagdaý şeýle bolsa (köplenç şeýledir diýlip pikir edilýär), onda biz radioaktiw elementler olaryň içki gurluşyny ýyly saklaýar diýen pikirden ugur alyp bileris.

Içerki ýylylyk hem planetada tektonik hereketleriň uzagrak dowam etmegine ýol açyp, planetanyň ýüzünde akar suwuň saklanyp galmagyna getirip bilýär.

“Bu planetalar biziň ozal çak edişimizden has ýyly bolup çyksa, onda biz bu ýyldyzlaryň töweregindäki ýaşaýşa ýaramly zonanyň çägini ene ýyldyzdan aňyrrak süýşürip, giňeldip bileris. Biz bu planetalaryň köpüsi mikrobik ýaşaýşa amatly diýen pikirden ugur alyp bileris” diýip, Ohaýo uniwersitetiniň doktoranty Kaýman Unterborn 2012-nji ýylyň 3-7-nji dekabry aralygynda Amerikanyň Geofiziki Birleşiginiň San-Fransiskoda geçen ýyllyk duşuşygynda bu barlaglaryň netijelerini hödürläninde aýtdy.

Käbir anyklanan zatlar

Unterborn bilen onuň kärdeşleri Günüň bu sekiz ekiztaýyndaky toriý we uran ýaly radioaktiw elementleriň mukdaryny ölçäp, bu ýyldyzlaryň birinde toriniň biziň Günümizdäkiden 2.5 esse ýokarydygyny anyklapdyrlar. Bu hem bu ýyldyzyň töweregindäki terrestrial planetalaryň içinde önýän ýylylygyň Ýeriňkiden 25 prosent ýokary bolmagynyň mümkindigini aňladýar.

Alymlar bu barlaglary geçirmekde Ýewropanyň Günorta Obserwatoriýasynyň Çilidäki HARPS (“High Accuracy Radial velocity Planet Searcher”) spektrometri tarapyndan toplanan maglumatlardan peýdalanypdyrlar.

“Häzirki wagtda biziň arkaýyn aýdyp biljek zadymyz – öz ýyldyzymyza meňzeş ýyldyzlardaky radioaktiw elementleriň möçberiniň biri-birinden tapawutlydygy. Diňe 9 ýyldyzy (biri Gün) öwrenip, tutuş galaktikada bar bolan giň gerimli tapawutlar barada köp zady aýdyp bolanok. Ýöne biz planetalaryň emele gelşi barada bilýän zatlarymyzdan ýyldyzlaryň töweregindäki planetalarda şol tapawutlaryň bolýandyny bilýäris. Bu hem ýaşaýyş baradaky mümkinçilige täsirsiz däl” diýip, Unterborn aýdýar.

Unterbornyň maslahatçysy professor Wendy Panero radioaktiw elementleriň, tektonik hereketleriň we planetanyň ýüzündäki suwuň özara täsirleriniň gaty çylşymlydygyny, oňa entek doly düşünilmeýändigini belläp, “bu geologiýanyň uly syrlarynyň biri” diýýär. Ýöne, onuň aýtmagyna görä, alymlar Ýeriň gatlagyny herekete getirýän we okeanlaryň suwlaryny kadalaşdyrýan zat Ýeriň jümmüşindäki şol ýylylyk güýçleri diýip çaklaýarlar.

Panera toriý we uran ýaly radioaktiw elementleriň, şeýle hem kaliniň Ýeriň mantiýasynda bardygyny aýdýar. Bu elementler Ýeriň özeninden gözbaş alýan ýylylykdan bütinleý tapawutly ýagdaýda planetany içinden gyzdyrýarlar.

Panera bu hakda şeýle diýýär: “Özen gyzgyn, sebäbi ol ozaldan şeýle. Ýöne biziň ýylylyk çeşmämiz ýeke ol däl. Onuň bilen deňeşdirmäge mynasyp bir kömekçi – Ýer döräninde bar bolan elementleriň kem-kemden radioaktiw dargamagy. Radioaktiwlik bolmasa, Ýer ýüzündäki okeanlary saklaýan tektonik hereketleri ýola goýmaga ýeterlik ýylylyk bolmazdy”.

Ýer geologik taýdan hemişe aktiw. Ýöne biz Gün ulgamynda ondan hem aktiw ýerleriň bardygyny bilýäris. Mysal üçin, Ýupiteriň Aýy Io Ýerden has kiçi we Gün sistemasynda daşarky toparlara degişli bolsa-da, wulkanik taýdan biziň planetamyzdan has aktiw. Iodan aňyrda ýerleşýän Saturnyň Aýy Enselad hem şeýle.

1990-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri astronomlaryň bizden uzakda ýerleşýän ýyldyzlaryň töwereginde tapan planetalarynyň sany 800-den gowrak. Olaryň käbirinde, öz ene ýyldyzy bilen aradaşlygyndan çen tutsaň, akar suw bolmaly. Bu hem ýaşaýyş üçin iň zerur şert.

Häzirki maglumatlar Gün ulgamyndan daşarky bu planetalarda ýaşaýyş (iň azyndan onuň mikrobik formasy) bardyr diýen umydy güýçlendirýär. Mysal üçin, Ýerde Günüň şöhlesini asla görmedik bakteriýalar bar. Olar energiýany Ýeriň öz içinden önýän ýylylykdan alýarlar.

Araz Perwiş Germaniýada ýaşaýan žurnalist, syýasy ylymlaryň doktory.

Çeşmeler:

1. http://researchnews.osu.edu/archive/hotplanet.htm
2. http://www.scienceagogo.com/news/20121104235242data_trunc_sys.shtml
3. http://astronomie.scienceticker.info/2012/12/04/mehr-spielraum-fur-lebensfreundliche-welten/
4. http://themeridianijournal.com/2012/12/some-exoplanets-may-be-even-more-habitable-than-earth/
5. http://www.americaspace.org/?p=28012
6. http://www.theatlantic.com/technology/archive/2012/12/are-there-planets-better-at-supporting-life-than-earth/265970/

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG