Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şweýsariýa Zardarä garşy derňew işiniň gozgalmajagyny aýdýar


Ýekşenbe güni Şweýsariýanyň hökümeti Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardarä garşy korrupsiýada bildirilýän aýyplamalar boýunça gaýtadan derňew işlerini açmakçy däldigini mälim etdi.

Şweýsariýanyň mediasynyň maglumatynda bu barada gelnen karary Şweýsariýanyň prokuraturasynyň Pakistanyň hökümetine ýollandygy aýdylýar.

Geçen ýylyň noýabrynda Pakistanyň hökümeti prezident Zardarä döwlet fondlaryndan millionlarça dollar serişdäni öz aýalynyň adyna şweýsar banklarynda açylan hasaplara geçirendigi barada bildirilýän aýyplamalar boýunça derňew işleriniň gaýtadan ýola goýulmagy barada şweýsar häkimiýetlerine ýüz tutupdy.

Ýöne Şweýsariýanyň häkimiýetleri bu ýurduň kanunyna laýyklykda, jenaýat-derňew işleri üçin kanuny möhletiň bireýýäm tamamlanandygyny aýdýarlar. Asif Ali Zardarä garşy jenaýat-derňew işi 1990-njy ýyllarda ýola goýlupdy. Ýöne 2007-nji ýylda yglan edilen günä geçişlikde ol ýatyrylypdy.
XS
SM
MD
LG