Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystanyň prezident administrasiýasy BMG-niň hasabatyny goldaýar


Ýekşenbe güni Owganystanyň prezidentiniň metbugat sekretary Aýmal Faýzi amerikan güýçleriniň operasiýalarynda köp parahat ýaşaýjylaryň ölýändigi barada BMG-niň ýaýradan hasabatyny goldap çykyş etdi.

Owganystanyň prezident administrasiýasynyň bu barada ýaýradan press-relizinde Aýmal Faýzi bu harby operasiýalarda, aýratynam, çagalaryň köp ejir çekýändiklerini belläpdir.

Jenap Faýzi amerikan güýçleriniň Owganystanda geçiren gury ýer we howa hüjümlerinde, hakykatdanam, ýüzlerçe çaganyň ölendigini we ýaralanandygyny aýdýar.

Bu wakanyň öňýany, anna güni BMG-niň ýörite komiteti Owganystanda amerikan güýçleriniň geçiren hüjümlerinde ýüzlerçe çaganyň öldürilendigi baradaky fakta alada bildirýändigini aýdyp, ýörite hasabat ýaýradypdy.

Bu hasabatda, aýratynam, öldürilen owgan çagalarynyň sanynyň 2011-nji ýylda şondan bir ýyl ozalky bilen deňeşdirilende iki esse artmagynyň has-da uly alada döredýändigi bellenipdir.
XS
SM
MD
LG