Sepleriň elýeterliligi

Saakaşwali premýer-ministr bilen gepleşige taýýardygyny aýdýar


Gürjüstanyň prezidenti M.Saakaşwali (sagda) we premýer-ministri B.Iwanişwili.

Gürjüstanyň prezidenti M.Saakaşwali (sagda) we premýer-ministri B.Iwanişwili.

Ýekşenbe güni Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwali konstitusiýa giriziljek üýtgetmeler we käbir beýleki meseleler boýunça premýer-ministr Bidzina Iwanişwili bilen haýdan-haý gepleşik geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Ol “ýurduň ösüşine täsir edýän” bu meseleler boýunça Gürjüstanyň hökümeti bilen-de gepleşik geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Öz gezeginde parlamentde agdyklyk edýän syýasy koalisiýanyň lideri, premýer-ministr Bidzina Iwanişwili özüniň ýurduň prezidenti bilen “konstitusiýa we kanunçylyga laýyklykda” hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.

Anna güni Gürjüstanyň parlamenti prezident Saakaşwliniň parlamentiň öňünde ýyllyk doklad bilen çykyş etmegine garşy boldy we onuň bu çykyşyny ýatyrdy.

Premýer-ministr Bidzina Iwanişwiliniň syýasy koalisiýasy prezident Saakaşwiliden konstitusiýa girizilen täze üýtgetmeleri kabul etmekligi talap etdi. Bu täze üýtgetmeler Saakaşwiliniň käbir ygtyýarlyklaryny elinden almaklygy maksat edinýär.
XS
SM
MD
LG