Sepleriň elýeterliligi

Hindistandaky iň uly dini dessura 30 million töweregi adam geler


Hindistanda ýekşenbe güni dünýäde iň uly dini dessur hasaplanylýan “Kumbha-mela” dini dessury başlandy. Bu dini dessur Allahabad şäheriniň golaýynda, Ganga derýasynyň kenarynda geçirilýär.

Astrologik kalendara laýyklykda mukaddes Ganga derýasynda täret gylmak, ýuwunmak bilen baglanyşykly geçirilýän bu dessur 55 gün dowam edýär.

Bu ýyl synçylar bu dini dessura gatnaşmak üçin 30 million töweregi adamyň gelmegine garaşylýandygyny aýdýarlar.

Bu “Kumbha-mela” dini dessurynyň geçirilýän ýerindäki tertip-düzgüne gözegçilik etmek üçin ol ýerde 7 müň töweregi polisiýa iş alyp barýar.
XS
SM
MD
LG