Sepleriň elýeterliligi

Haýrikýan saýlawlaryň iki hepde yza süýşürilmegini isleýär


Ýakynda janyna kast etmek synanyşygy amala aşyrylan ermenistanly prezidentlige kandidat Paruýr Haýrikýan prezidentlik saýlawlarynyň iki hepde yza süýşürilmegini haýyş edip, ýurduň Konstitusion suduna ýüz tutdy.

Indi bu mesele boýunça karar çykarmak üçin suduň ygtyýarynda dört gün möhlet bar. Ozalky planlaşdyrylyşyna görä, prezidentlik saýlawlary 18-nji fewralda geçirilmeli. Onda ýedi sany dalaşgär özara bäsleşmekçi.

Ýöne 31-nji ýanwarda dalaşgärlerden biri Paruýr Haýrikýanyň janyna kast etmek synanyşygy amala aşyrylanda onuň ok ýarasyny almagy sebäpli, ol öz saglyk ýagdaýynyň göz öňünde tutulyp, saýlawlaryň iki hepde yza süýşürilmegine aýak direýär.

Anna güni Ermenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy ýurduň prezidentligine dalaşgärlerden biri, “Milli barlyşyk” partiýasynyň lideri Aram Harutiunýanyň dalaşgärlikden çykmak baradaky haýyşyny kanagatlandyrdy.
XS
SM
MD
LG