Sepleriň elýeterliligi

Eýran resmisi Moskwada ýadro we ykdysadyýet meselesini maslahatlaşýar


Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi Moskwada ors resmileri bilen Eýranyň ýadro programmasy babatda dörän halkara çigşigi çözmek we iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahat edýär.

Salehi duşenbe güni daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşýar hem-de Orsýet bilen Eýranyň bilelikde guran ykdysady komissiýasynyň 10-njy sessiýasyna gatnaşýar.

Bu duşuşyk 26-njy fewralda, eýranyň ýadro işleri, şol sanda uran baýlaşdyrmak meselesi bilen bagly dawalary çözmek üçin Gazagystanda guraljak halkara maslahatyň öňüsyrasynda bolýar.

Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary Eýranyň uran baýlaşdyrmak programmasynyň ýadro ýaraglaryny ýasamak üçin ulanylyp bilinjegini aýdýarlar.

Eýran özüniň atom bombasyny edinjek bolýandygy barada aýdylýanlary ret edýär.

Gazagystan gepleşikleri Eýranyň we dünýäniň ýene alty uly döwletiniň, Orsýetiň, Britaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň we Birleşen Ştatlaryň wekillerini bir ýere jemlär.
XS
SM
MD
LG