Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Et galmagaly: Rumyn prezidenti ynamdarlyk sorag astynda diýýär


Prezident Traýan Basesku, eger ýewropa ýurtlarynda at etiniň sygyr eti diýlip satylmagy bilen bagly turan galmagalda rumyn et öndürijileri günäli tapylsa, bu ýurduň ynamdarlygyna "uzak ýyllyk" zeper ýetirer diýdi.

Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan Rumynyýa bu meselede aýdylýan zatlary derňäp başlandygyny aýdýar.

Fransiýa öňünden taýýarlanan naharlara sygyr eti diýlip goşulan at etiniň arkasynda rumyn gassaplarynyň, golland we kipr täjirleriniň gatnaşmagyndaky üpjünçilik kökeniniň durýandygyny aýdýar.

Britaniýadaky, Fransiýadaky we Şwesiýadaky dükanlar bu hili naharlary satuwdan aýyrdylar.

Fransuz häkimiýetleri ýalňyş ýarlyk ýelmenmeginiň kezzapçylykly jenaýat hökmünde derňeljegini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG