Sepleriň elýeterliligi

Hindistanda 36 adamy öldüren depeşek derňelýär


Hindistanyň demirýol ministri Pawan Kumar Bansal demirgazyk Hindistanda bir demirýol stansiýasynda bolan depeşegiň sebäpleriniň derňelýändigini aýtdy. Bu depeşekde azyndan 36 adamyň ölendigi aýdylýar.

Bu waka ýekşenbe güni, Allahabatdaky demirýol stansiýasyna müňlerçe adam toplananda boldy. Bu ýerde millionlap adamyň gatnaşýan dini festiwaly geçýärdi.

Mähelläniň birden basga düşmegine demirýol platformasyna barýan pyýadalar köprüsiniň üstünde dowul turmagynyň sebäp bolandygy aýdylýar.

Polisiýa mähelläni taýak bilen kontrolda saklamaga çalşyp, depeşege goşant goşandygy barada aýdylýanlary ret edýär.

Bu hadysa Kumbh Mela ýa-da Küýze festiwalyna gabat geldi.

Hasaplamalara görä, oňa 30 million çemesi adam gatnaşýar we dindarlar üç derýanyň, Gang, Ýamuna we mifiki Saraswati derýalarynyň suwunyň birigýän ýerinde suwa düşýärler.
XS
SM
MD
LG