Sepleriň elýeterliligi

Zamun dramasy “Argo” Britaniýada sylag aldy

U.K. -- Ben Affleck (R), George Clooney (L) and Grant Heslvov celebrate after winning the Award for Best Film for the movie "Argo" at the British Academy of Film and Arts (BAFTA) awards ceremony at the Royal Opera House in London, 10Feb2013

“Argo”, Holliwudyň Eýranda zamun alnan amerikanlar baradaky kinosy Britaniýanyň Kino akademiýasynyň iň gowy kartina üçin bellän ýokary baýragyna mynasyp boldy.

Ben Afflek ýekşenbe güni agşam Londonda iň gowy film rejissýory diýen baýraga mynasyp boldy.

“Argo” mundan ozal “Altyn Globus” baýragyna we ekran aktýorlarynyň “Gild” baýragyna mynasyp bolupdy.

Bu baýraklar ony 24-nji fewralda Akademiýa sylaglary üçin geçiriljek bäsleşikde esasy dalaşgärleriň birine öwürýär.

“Argoda” Tähranda, 1979-njy ýylda bolan Yslam rewolýusiýasyndan soň, Kanadanyň ilçihanasyna gaçyp atan amerikan diplomatlary barada gürrüň berilýär.

Britan Kino akademiýasynyň iň gowy aktýor baýragyna Linkoln roly üçin, Daniýel Deý-Lewis mynasyp boldy.

Emmanuelle Raýwa bolsa, “Amour” filmindäki roly üçin iň gowy aktrisa baýragyny aldy.
XS
SM
MD
LG