Sepleriň elýeterliligi

Lohbihler: "Türkmen prezidentiniň gaýratynyň çatjakdygyna umyt edýäris"


Ýewropa Parlamentiniň agzasy, Ýewropa Parlamentiniň Adam hukuklary boýunça kömekçi komitetiniň başlygy Barbara Lohbihler

Ýewropa Parlamentiniň agzasy, Ýewropa Parlamentiniň Adam hukuklary boýunça kömekçi komitetiniň başlygy Barbara Lohbihler

Geçen hepde Ýewropa Parlamentiniň 24 agzasy Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçisine hat ýollap, onda Türkmenistanda tussaglykda saklanylýan Gulgeldi Annanyýazowyň, Maksat Kakabaýewiň we Myrat Öwezowyň ýagdaýlary barada maglumat berilmegini sorady.

Bu hata gol goýanlaryň biri hem Barbara Lohbihlerdir. Azatlyk Radiosy Ýewropa Parlamentiniň agzasy, Ýewropa Parlamentiniň Adam hukuklary boýunça kömekçi komitetiniň başlygy Barbara Lohbihler bilen bu hatyň mazmuny boýunça söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Siz gol goýan hatyňyzda anyk haýsy meseleleri gozgaýarsyňyz?

Barbara Lohbihler: Bu ýagdaýlar bizi diýseň aladalandyrýar. Sebäbi bu adamlar juda adalatsyz ýagdaýda sud edildi. Biz hatda 2008-nji ýylda tussag edilen jenap Annanyýazowyň we 2011-nji ýylda tussag edilen Kakabaýewiň we Öwezowyň ýagdaýlary barada alada bildirdik.

Adam hukuklaryny goraýan syýasatçylar hökmünde biz olaryň ýagdaýynyň nähilidigini, şeýle-de olaryň nirede saklanylýandygyny bilesimiz gelýär. Biziň bu barada hiç maglumatymyz ýok.

19-njy fewralda Türkmenistanda Baýdak güni bellenilip geçilýär. Biziň pikirimizçe, eger-de türkmen hökümeti we prezidenti bu çärä gabatlap bu üç adamy, aslynda ähli wyždan ýesirlerini boşatsa, gaty ýerlikli bolardy. Meniň pikirimçe, bu adamkärçiligiň gowy yşaraty bolup bilerdi.

Azatlyk Radiosy: Onda siz bu hatyňyzyň üsti bilen, tussaglykdaky şol adamlaryň 19-njy fewralda amnistiýa düşürilmegini gazanmak isleýärsiňiz-dä?

Barbara Lohbihler: Men muňa umyt edýärin. Emma biz hatymyzda bu adamlaryň nirede, haýsy şertlerde saklanýandygy barada hem maglumat berilmegini soradyk.

Mysal üçin, Jenap Annanyýazow tuberkulýozdan, ýagny inçekeselden ejir çekýär. Ol 2008-nji ýyldan bäri tussaglykda. Bizde onuň ýagdaýy barada hiç hili anyk maglumat ýok.

Jenap Kakabaýew we jenap Öwezow 2011-nji ýylda tussag edildiler. Olaryň haýsy aýyplamalar esasynda tussag edilendigi, şeýle-de haýsy şertlerde saklanýandygy barada hiç hili maglumat ýok. Biz hatymyzda, ilki bilen, olaryň ýagdaýy barada maglumat berilmegini soraýarys.

Ikinjiden, biz Türkmenistanyň prezidentine, Milli baýdak gününe, ýagny 19-njy fewrala gabatlap, şol adamlary azatlyga goýbermegini maslahat berýäris.

Azatlyk Radiosy: Eger-de hatyňyz netije bermese, şonda näme? Indiki ädimleriňiz nähili bolar?

Barbara Lohbihler: Adatdakysy ýaly, biz bu meseleleri hökümet derejesinde, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň beýleki degişli edaralarynda gozgamagy dowam etdireris.

Biz Türkmenistanyň eýýäm käbir syýasy tussaglary azatlyga goýberendigini gördük. Bu gutlanmaly ýagdaý. Biz prezidentiň beýlekileri hem azatlyga çykarmaga gaýratynyň çatjakdygyna umyt edýäris.

Emma, nähili hem bolsa, biz bu meseleleri gozgap durarys. Biz türkmen hökümetini ýurtda demokratiýany we kanunyň hökmürowanlygyny ornaşdyrmak boýunça edýän tagallalaryny hem goldamagy dowam etdireris.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistandaky adam hukuklarynyň meselesi ilkinji gezek gün tertibinde däl. Ýewropa Bileleşiginiň resmileri bu ýagdaýlara nähili çemeleşmeli?

Barbara Lohbihler: Biziň edýän we etjek işimiz ýurtdaky bolup geçýän degişlilikdäki ýagdaýlara içginden syn etmek. Ýagny, haýsy kanunlaryň reforma edilmelidigi bilen bir hatarda biz adamlaryň ykbaly, pikir azatlygynyň ýagdaýy bilen gyzyklanýarys.

Soňra-da, eger-de ýokarky agzalan üç adamyňky ýaly ýagdaýlar ýüze çykarylsa, ýagny adamlar adalatsyz sud edilen bolsalar, ýa-da saglyk ýagdaýlary ýaramaz bolsa, biz hökümetden olara hemaýat etmegini soraýarys.

Azatlyk Radiosy: Bilşiňiz ýaly, Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen "Ýaranlyk we Hyzmatdaşlyk" ylalaşygyny heniz hem baglaşanok. Bu ugurda siz näme aýdyp bilersiňiz?

Barbara Lohbihler: Meniň pirkirimçe, eger-de Türkmenistan [Ýewropa Bileleşigi bilen özara] Hyzmatdaşlyk ylalaşygyny baglanşmak isleýän bolsa, onda ol adam hukuklary meselesinde uly özgertmeleri amala aşyrjakdygyny öňünden borç edinmeli.

Türkmen resmileri ýurtda ähli adamlaryň goraglydygyny, öz hak-hukuklaryny talap edip bilýändigini, kanunyň hökmürowanlygynyň sylanýandygyny äşgär etmeli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG