Sepleriň elýeterliligi

Phenýan üçünji ýadro synagyny amala aşyrandygyny aýdýar


Demirgazyk Koreýa ýerasty ýadro synagyny üstünlikli amala aşyrandygyny aýdýar. Ýurduň merkezi habar gullugynyň resmileriniň aýtmagyna görä, synag sişenbe güni geçirilipdir.

Synag BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Demirgazyk Koreýa ýadro ýaragyny özleşdirmek tagallalaryny bes etmegi barada eden çagyryşynyň yz ýany amala aşyryldy. Bu testi ABŞ, Orsýet, Ýaponiýa, Britaniýa we BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun ýazgardy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama “Halkara jemgyýetini çalt we ygtybarly hereket etmäge” çagyrdy. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi bu synag barada sişenbe güni adatdan daşary geçiriljek ýygnakda gepleşik geçirer.

Demirgazyk Koreýa dekabr aýynda ballistik raketany uçurandan soň, BMG oňa garşy sanksiýalaryny berketdi. Demirgazyk Koreýa mundan ozal 2006-2009-njy ýyllarda ýadro synaglaryny amala aşyrypdy.
XS
SM
MD
LG