Sepleriň elýeterliligi

Obama Owganystanda söweşen esgeri “Hormat medaly” bilen sylaglady


Prezident Barak Obama Owganystanda “Talyban” hereketiniň hüjümlerine garşy söweşe ýolbaşçylyk eden esgeri “Hormat medaly” bilen sylaglady. Bu medal "söweşde görkezilen gaýrat" üçin ABŞ-nyň iň ýokary derejeli sylagydyr.

Duşenbe güni Obama öňki harby, 31 ýaşly seržant Klinton Romeşany Ak Tamda geçirilen dabarada tanyşdyrdy.

ABŞ-nyň harby resmileriniň aýtmagyna görä, Romeşa 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda Nuristan welaýatyndaky baza çozuş eden 300 töweregi “Talyban” gozgalaňçylaryna garşy söweşmek üçin Birleşen Ştatlaryň 50 töweregi esgerini ýygnapdyr.

Resmileriň maglumatyna görä, Romeşa söweşde agyr ýaralananyndan soň hem söweşmäge dowam edipdir. Şol söweşde ABŞ-nyň sekiz esgeri ölüpdi we 22-si hem ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG