Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Mosul şäherindäki partlamada sekizden gowrak adam öldi


Yragyň demirgazygynaky Mosul şäherinde bolan ulag partlamasynda sekizden gowrak adam öldi. Polisiýanyň we keselhana işgärleriniň berýän maglumatyna görä, bu partlama harby barlag-gözegçilik nokadyny nyşana alypdyr.

Duşenbe güni bolan hüjümde aglabasy esger bolan sekizden gowrak adam ýaralandy. Bu hüjüm, ýaragly adamyň Mosulyň aýry-aýrylykda üç ýerinde amala aşyran hüjüminden bir gün soň bolup geçdi.

Hüjümde iki polisiýa işgäri, bir esger we nebit işgäri heläk boldy. Mosul Bagdadyň 390 kilometr demirgazygynda ýerleşip, ol araplardan, kürtlerden we türkmenlerden ybarat köp milletli şäherdir.
XS
SM
MD
LG