Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rim Papasy Benedikt XVI wezipesinden çekilýär


Rim Papasy Benedikt XVI. 2005 ý.
Rim Papasy Benedikt XVI. 2005 ý.
Watikandan gowşan garaşylmadyk maglumata görä, Rim Papasy Benedikt XVI 28-nji fewralda wezipesinden çekiler. Ol soňky 600 ýylyň dowamynda bu wezipeden meýletin çekilen ilkinji Rim Papasy bolar.

85 ýaşly pontifik hepdäniň duşenbe güni çap edilen beýannamasynda soňky birnäçe aýyň dowamynda saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny we özünde güýç galmandygyny aýdýar.

Bu karar täze Papany saýlamak üçin syrly maslahatyň geçirilmegini talap edýär. Bu maslahatyň hristianlaryň iň möhüm baýramçylygy bolan Pashanyň öňüsyrasynda, mart aýynyň aýagynda geçirilmegine garaşylýar.

Wideo: Rim Papasy Benedikt XVI wezipesinden çekilýär
Rim Papasy Benedikt XVI wezipesinden çekilýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:35 0:00

Kararyň sebäbi

Rim Papasy Benedikt kardinallar bilen geçirilen maslahatynda özüniň mundan beýläk öz wezipesini ýerine ýetirmäge “ukypsyzdygyny” boýun almaly bolandygyny aýtdy. Ol özüniň bu karary barada köp oýlanandygyny we onuň Rim-katolik ybadathanasynyň peýdasyna boljakdygyny belledi.

Watikanyň wekili Federiko Lombardi Rimde geçirilen metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda Rim Papasynyň karary barada düşündiriş berdi. Federiko Lombardi Rim Papasy Benediktiň wezipesinden çekilmek kararyny Hudaýyň öňünde gelnen şahsy we düýpli karar diýip atlandyrdy.

Rim Papasynyň dogany Georg Ratzingeriň DPA agentligine aýtmagyna görä, Benedikt ýöremekde hem kynçylyk çekýär. Georg Ratzingeriň Benediktiň doglan ýeri bolan Bawariýanyň Regensburg şäherinde sözlän sözüne görä, lukmanlar Rim Papasynyň uzak syýahatlardan saklanmalydygyny aýdypdyrlar.

2005-nji ýylda Rim Papasy hökmünde saýlanan germaniýaly öňki kardinal Jozef Ratzinger taryhda iň garry pontifikleriň biri boldy. Ol wezipä bellenende 78 ýaşyndady. Ol Rim Papasy Ioann Pawel ikinjiniň aradan çykmagyndan soň dünýäniň 1.2 milliard katolik dinçilerine ýolbaşçy edilip bellenipdi.

Halkara reaksiýalary

Germaniýanyň hökümetiniň metbugat wekili Şteffen Seibert “Rim Papasynyň wezipesinden çekilmegi bilen bagly wakadan hristian dinine uýýan adam we katolik hökmünde çetde galyp bilmejegini” belledi.

Ysraýylyň baş rawwini Ýona Metsger Rim Papasy Benediktiň dinleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça eden tagallalaryny goldady we iudaizmiň we hristian dininiň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň dünýädäki ýagdaýy gowulandyrandygyny belledi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ähli amerikanlaryň adyndan Rim Papasyna minnetdarlyk bildirdi.

Şol bir wagtda-da Rim Papasy Benedikt XVI tankytlar we kynçylyklar bilen ençeme sapar ýüzbe-ýüz bolupdy. Hususan-da, geçen ýylda onuň kömekçisi Paolo Gabriýel Watikandan möhüm dokumentleri ogurlamakda aýyplandy. Ol sud edildi, emma soňra azatlyga goýberildi.

Rim Papasynyň wezipesinden çekilmegi adaty bolmadyk bir waka, sebäbi bu ömürlik wezipe hasaplanýar. Bu wezipeden iň soňky sapar 1415-nji ýylda Rim Papasy Gregori XII meýletin ýagdaýda çekilipdi.
XS
SM
MD
LG