Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Phenýan üçünji ýadro synagyny geçirendigini aýdýar


Ýolagçylar demir ýol satansiýasynda TW-niň Demirgazyk Koreýanyň geçiren ýadro synagy baradaky habaryny diňleýärler. Seul, 12-nji fewaral, 2013 ý.
Ýolagçylar demir ýol satansiýasynda TW-niň Demirgazyk Koreýanyň geçiren ýadro synagy baradaky habaryny diňleýärler. Seul, 12-nji fewaral, 2013 ý.
Demirgazyk Koreýa ýer astynda üçünji ýadro synagyny geçirendigini we bu synagyň üstünlikli bolandygyny aýdýar. Halkara jemgyýetçiligi bolsa bu synagy ýazgarýar.

Demirgazyk Koreýanyň resmi Merkezi habar gullugy sişenbe güni bu synag “Biziň milli howpsuzlygymyzy we özbaşdaklygymyzy Birleşen Ştatlaryň soňsuz duşmançylygyndan goramak üçin” geçirildi diýdi.

“Bu ýadro synagynyň kiçijik we ýeňiljek, öňkülerden has kuwwatly partlaýjyny ulanmak bilen, ýokary derejede we howpsuz ýagdaýda, daş-töweregiň ekologiýasyna hiç hili ýaramaz täsir ýetirmezden geçirilendigi tassyk boldy” diýip, döwlet eýeçiligindäki telewideniýäniň diktory koreý dilinde habar berdi.

Bu habar Demirgazyk Koreýanyň ýadro synaglaryny geçirýän ýerinde seýsmiki aktiwleşme bellige alnandan soň ýaýrady.

BMG-niň çagyryşyna garamazdan

Şeýle-de bu iş BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň bu ýurdy ýadro ýaragynyň üstünde işlemegi bes etmäge çagyrmagyna garaman edildi.

Şonuň ýaly-da bu synag prezident Obamanyň sişenbe güni Kongresiň öňünde etmeli ýyllyk çykyşynyň öňüsyrsyna gabat geldi we BMG-niň Baş sekretary, Günbatar döwletleri, Ýaponiýa we Günorta Koreýa tarapyndan berk ýazgaryşa sezewar boldy.
Günorta Koreýanyň serhetçileri Demirgazyk Koreýa bilen aralyk zonadaky tikenekli simi barlaýarlar. Paju, 12-nj fewral, 2013 ý.
Günorta Koreýanyň serhetçileri Demirgazyk Koreýa bilen aralyk zonadaky tikenekli simi barlaýarlar. Paju, 12-nj fewral, 2013 ý.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti halkara jemgyýetçiligi tarapyndan çalasyn we ynamdar hereket edilmegine çagyrdy. Obama “prowakasion” ýadro synagy Demirgazyk Koreýany has howpsuz ýagdaýa getirmedi, Waşington özüniň Aziýadaky ýaranlaryny goramak üçin zerur bolan çäreleri görmegi dowam etdirer diýdi.

Britaniýanyň daşar işler edarasy bu synaga berk jogap berilmegine çagyrdy.

"Çynlakaý howp"

Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe Demirgazyk Koreýanyň bu göçümini çydam edip bolmajak “çynlakaý howp” hökmünde häsiýetlendirdi.

Günorta Koreýa bu synagyň “Koreýa ýarym adasynyň we demirgazyk-gündogar Aziýanyň howpsuzlygy üçin kabul ederlik” däldigini aýtdy.

Günorta Koreýanyň goranmak ministri Kim Kwan-Jin žurnalistlere ýadro partlamasynyň 6-7 kiloton hasaplanandygyny we öz ýurdunyň harbylarynyň “ýokary hüşgärlik” ýagdaýyna getirilendigini habar berdi.

“Günorta Koreýa özüniň ýaranlary, şol sanda Birleşen Ştatlar we halkara jemgyýetçiligi bilen berk hyzmatdaşlykda bolar. Biz Demirgazyk Koreýany öz ýadro synagynyň muzduny tölemäge mejbur ederis” diýip, ol aýtdy.

Hytaýyň pozisiýasy

Demirgazyk Koreýanyň iň ýakyn ýarany Hytaý hem Phenýanyň ýadro synagyna “berk garşylyk” bildirdi.

Hytaýyň daşary işler ministrliginiň sişenbe güni çap edilen beýanatynda köşeşmäge çagyryldy we Demirgazyk Koreýa, Hytaý, Birleşen Ştatlar, Günorta Koreýa, Ýaponiýa we Orsýet arasynda togtap galan ýadro gepleşikleriniň gaýtadan başlanmalydygy aýdyldy.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun bu synagy “çuňňur durnuksyzlaşdyryjy” prowakasiýa hökmünde ýazgardy.

BMG-niň Phenýana garşy sanksiýalary dekabrda ballistik raketany synag edeninden soň berkidilipdi.

Demirgazyk Koreýa mundan öňki ýadro synaglaryny 2006-njy we 2009-njy ýyllarda geçiripdi.

Sişenbe güni edilen synag ýurduň täze lideri Kim Joň Unuň ýolbaşçylygy astynda geçirilen ilkinji ýadro synagydyr. Ol 2011-nji ýylyň dekabrynda öz ýogalan kakasy Kim Joň Iliň ornuny eýeläpdi.

Birleşen Ştatlar we Demirgazyk Koreýanyň goňşulary Phenýan uzak aralyga ýetýän raketalaryna ýabşyrar ýaly ýadro partlaýjysyny öndürmäge çalyşýandyr öýdüp howatyr edýär.
XS
SM
MD
LG