Sepleriň elýeterliligi

Meňli: "Medeniýeti ýitirmezlik üçin jemgyýet döretdim"


Türkmen gyzlary

Türkmen gyzlary

Azatlyk Radiosy düýbi Gollandiýada ýerleşýän "Balh Türkmen Dostlary" jemgyýetiniň başlygy, asly owganystanly Meňli Rahymy bilen öz durmuşy we alyp barýan işleri barada söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: "Balh Türkmen" dostlary jemgyýeti haýsy zerurlyga görä döredildi?

Meňli Rahymy: Türkmen halkynyň öz medeniýetini ýitirmezligi üçin şeýle jemgyýet gurmany özüme borçly bildim. Özümiz türkmen. Haýsy ýurda barsagam, şol ýurtda sen türkmeniň bir nusgasy bolup durýarsyň.

Daşary ýurtda ýaşýan wagtyň soňky geljek nesiller şol ýerde özüniň türkmenligini ýitirip gider diýip, köpräk aladamyz şu tarapdan boldy. Onuň gapdalyndan hem, biz hem türkmen, öz ýurdumyz bar – Türkmenistan. Şony hem bärde tanatmakçy.

Sebäbi, nirä barsaň, Türkmenistan diýen mahalyň köp adam tananok. Şonuň üçinem şeýle jemgyýet arkaly hem özümizi tanatmakçy hem-de medeniýetimizi tanatmakçy, şonuň ýaly-da geljekdäki neslimizi goramakçy.

Azatlyk Radiosy: "Balh Türkmen dostlary" jemgyýetiniň şu wagta çenli eden işleri barada maglumat berseňiz?

Meňli Rahymy: Şu wagda çenli geçiren oňat işlerimizden biri: Gollandiýada uly bir festiwal boldy we şol festiwala 150 müň adam gatnaşdy. Şonda türkmeniň däp-dessury barada nämesi bar bolsa şonuň hemmesi festiwalda görkezdik.

Gurnaýanlaryň iň uly başlygy jaň edip, biziň Türkmenistandymyzyň ýagny sergi bölümimiziň medeniýet boýunça birinji ýer alandygyny aýtdy. Şu täze ýylda gurnaljak festiwalyň gurmaçylygyna kömek etseň diýip, talap bildirdiler.

Bu teklip meniň üçin uly buýsanç boldy. Sebäbi, türkmeniň hemme zady halysy, kümüşi, şaý-sepi, däp-dessuryndan, myhmana garşy mähribanlygyndan, sahylygyndan tutuň hemmetaraplaýyn bu ýerde bir täzelik döretdi.

Azatlyk Radiosy: Bir aýal maşgala höküminde sizi şeýle jemgyýetçilik işlerine iten sebäp näme?

Meňli Rahymy: Biziň Owganystan türkmenlerimiz gynansagam birinjiden okuw barasynda gaty yza galdyk. Owgan halkynyň içinde hemişe ikinji ýerde galdyk. Muňa uruş sebäp boldy bir tarapdan. Men alty ýyl okuwa gitdim. On iki ýaşymda mekdepde okanymda klasdaşlarymyň bary owgan halkyndandy.

“Men türkmen” diýen mahalym üstümden gülýärdiler. Şondan hemişe meniň ýüregimde okuw, türkmeni ýokary götermek arzuwy bilen ulaldym. Gynansagam Owganystan türkmenleriniň arasyndaky aýal hukuklarynyň ýagdaýyna nol baha bersem dogry bolarmyka diýýärin.

Hiç haçan bize hak-hukuk berilmedi, okuw okadylmady. Meniň özüm şu wagt Owganystanda Şybyrgan welaýatynda bir mekdebe kömek edýärin. İndi öňki ýaly däl, Hudaýa şükür, gyzlarymyz okap başlady.

Türkmen diýlende şeýle işleri etmegi bir hili gaty geň görülýärdi aýallar üçin. Eger-de aýal şeýle işler bilen meşgullanan halatynda abraýyny, häsiýetini, özüni gowy alyp baran wagtynda hiç kim muny geň hem görmez ekeni, gaýtam oňa berekella diýiler ekeni.

Men şu wagda çenli Owganystan türkmenleri bolsun ýa-da bütindünýä türkmenleriniň arasynda bolsan sen ýalňyş iş etdiň diýen adam görmedim, tersine hemmesem "Taňryýalkasyn!" aýdýar.

Sebäbi bir ýere baram wagtym eginbaşymdan, eşigimden, durşumdan tutuň, men hemmetaraplaýyn türkmeniň nusgasy. Şeýle ýagdaýda hiç wagt, hiç ýerde gynanç hem gelenok.

Bärdäki edýän aladamyz: şu ýerdäki türkmenler baryp pes-aşakdaky işlerde işlemeli däl. Biz okamaly bu taýda. Nesip bolsa okuwy tamamlap, Owganystanamy ýa Türkmenistanamy yzymyza gaýtmaly. Bärde berilýän köp zatlardan peýdalanmaly. Bir aýal diýeniň, bir aýnadyr! Çagalar şoňa sereder.

Azatlyk Radiosy: Bir öňdebaryjy zenan höküminde özüňizi ykrar etdirmeklik üçin nähili tapgyrlary başdan geçirmeli bolduňyz?

Meňli Rahymy: Bu aýtjak gürrüňlerim köp bölegi esasanam Owganystan türkmenlerine degişli. Meselem, bizde bir aýalyň çykyp, erkek adam bilen gürleşmegi hem bir hili görülýärdi.

Şeýle kynçylyklary aşjak wagtym “Kim näme diýerkä?” diýip, gaty gorkýardym. Dokuz dilde terjimeçi bolup işlän mahalym, bir günde on sany erkek adam bilen gepleşik geçirýärin.

Şulary başda men bir hili gizläp başladym, hamala bir ýalňyş iş eden ýaly bolup. Ýöne şeýle kyn sepgitleri aşdym indi, Hudaýa şükür!. Ynha biziň türkmen aýallarymyzyň problemasy şol.

Biziň aýallarymyza şeýle ýagdaýda biraz ýol berilsin. Şolara rugsat berlende, bir erkek adamyň edip bilýän işini aýal maşgalanyň hem edip bilýändigini ynha men öz işlerim bilen tassyk etdim.

Azatlyk Radiosy: Siziň ýaly jemgyýetde özüni ykrar etdirmek isleýän dünýä türkmenleriniň wekillerine, esasanam aýal-gyzlara nähili maslahatlaryňyz bar?

Meňli Rahymy: Bütindünyä türkmenlerine, esasan hem aýal doganlaryma, ýaş gyz maşgalalara berjek nesihatym ýa-da öz ýaşaýşymdan aýtjak birnäçe sözüm bar. Hiç zat üçin hiç wagt giç däl.

Adam özüni ýetişdireýin diýen mahaly iki zady göz öňünde tutmaly. Birinjiden ýörän wagtyň owal Allanyň ady bilen, ikinjiden hem öz medeniýetiň, däbiň ady bilen ýöreýän diýen mahalyň barmajak bir gapyň, açylmajak bir gapy ýokdur.

Okasynlar we baran ýerinde özüni, türkmeniň däp-dessuryny ýitirmedik wagtynda muňa biziň öz türkmen erkeklerimiz hem rugsat berýär, dinimizem, medeniýetimizem, hemme adamam rugsat berýär.

Ýöne baran ýurtlarynda özlerini gowy alyp barsynlar. Hiç-haçan ýatlaryndan çykarmasynlar nirden gelenini, kimdigimi, aslyny, neslini. Şol ýerde sen türkmeniň bir nusgasy. Şony gowy sergilesinler. Şuny köp, uly haýyş edýän.
XS
SM
MD
LG