Sepleriň elýeterliligi

Ärhan: "Türkmenistan hemişe ýüregimde"


Ärhan Aýdyň

Ärhan Aýdyň

Azatlyk Radiosy türkiýeli türkmenlerden ýaş sungat işgäri Ärhan Aýdyň bilen onuň döredijilik işleri barada gürrüňdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Türkiýä nirden göçüp gelipsiňiz?

Ärhan Aýdyň: Türkmenistanda Daşoguz tarapdan göçüp, Türkiýä gelipdirler. Maşgalamyzda Türkmenistandan gelenden bäri oglan-gyzlarymyz hemişe öz kowumlary bilen öýlendi. Şonuň üçin hem maşgalamyzyň hemmesi türkmen bolup galdy. Men bir türkmen gyzy bilen öýlenmegi arzuw edýärin. Arassa türkmen neslini şeýdip goramak üçin.

Azatlyk Radiosy: Türkiýä ata-babalaryňyz haçan göçüp gelipdirler?

Ärhan Aýdyň: Türkiýäniň ýaňy gurulýan wagty, Osman döwletiniň ahyrky döwürlerinde göçüp gelipdirler.

Azatlyk Radiosy: Näçe maşgala gelipdir, kimler gelipdir ýa-da näçe adam gelipdir?

Ärhan Aýdyň

Ärhan Aýdyň

Ärhan Aýdyň: Türkmenistanda Daşoguz tarapynda orslar bilen uruşýar meniň atam. Atamyň taýpasy, maşgalasy, enem-atam gelýär. Kakam we agalarym hem Türkiýede eneden boldy.

Göçüp gelýärkäler dargaýarlar. Bir tarap Daşoguzdan çykyp, Türkmensähra gidýär. Bir topar Yrak-Türkmeniline gidýär, Kerkuk-Süleýmaniýe taraplaryna gidýär. İki sany adam Türkiýä gelýär.

Meniň atam Türkiýäniň Malatýa şäherine gelýär. İzolly diýen bir ýer bar. Köne ady İzolly, täze ady Kale. Soň Malatýanyň merkezine gelýär. Diňe öz maşgalasyndan bolan adamlar bilen bir köçe, mähelle gurýar. Biziň maşgalamyz şol ýerde ýaşaýar. Soň İzmire, Stambula giden adamlar bar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan seniň üçin nämäni aňladýar?

Ärhan Aýdyň: Türkmenistan meniň ata watanym. Türkmenistan hemişe ýüregimde. Biziň özümiz Türkmenistanly. Şony ýatdan çykaramyzok. Türkmenistany söýýärin. Maşgalamyzdaky adamlar hem söýýär.

Azatlyk Radiosy: Seniň pikiriňe görä Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda nähili aratapawut bar?

Ärhan Aýdyň: Türkiýäniň özi türkmene daýanýar. Ol Oguz. Oguz diýlende: Türkiýe, Azerbaýjan, Türkmenistan Oguz toparyna girýär. Türkiýede gaty köp türkmen bar. Hat-da dünýäde iň köp türkmen Türkiýede bar. Türkmenistanda o diýen köp däl, esasy köpçülik Türkiýede. Meňzeşlikler bar.

Azatlyk Radiosy: Türkmen dilini nähili öwrendiň?

Ärhan Aýdyň: Türkmenistandan göçüp gelen atam-enem şolar türkmençe gürleýärdi. Soň kynçylyk bolmasyn diýip tükmençäni türkçe bilen goşup gürleşýärler. Onsoň kakam-ejem, agalarym türkmençä türkçe goşup gürleýärler.

Şeýle ýagdaý biziň türkmençämizi bozdy. Men atamdan däl-de, öz kakamdan we ejemden öwrendim. Emma, türkmençäni Türkmenistandakylar ýaly gürleşip bilemok. Türkmençäm owadan däl.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistana gitdiňmi?

Ärhan Aýdyň: Türkmenistana gitmek nesip bolmady. Emma Türkmenistana gidip görmegi arzuw edýärin.

Azatlyk Radiosy: Sende türkmen aýdym-saz sungatyna höwes nähili döredi?

Ärhan Aýdyň: Men türkmen halk aýdymlaryny söýýän. Çünki, ol meniň öz aýdymym. Meniň özüm Egeý uniwersitetiniň konserwatoriýasynda okaýaryn. Bölümim "Türk halk musikisi" ýagny halk aýdym ugry.

Bu höwesim çagalyk wagtdan bäri bardy. Türkmen aýdymlary, halk aýdymlaryny türk saz guraly balgama bilen çalýan. Biraz türkmen dutary hem çalýan. Meselem nowruzda, konsertlerde men hem türkmen aýdymlar aýdýan.
XS
SM
MD
LG