Sepleriň elýeterliligi

Türkmensähradaky toý adatlary


Eýranyň Horasan sebitiniň Türbet-jam şäherinde ýaşaýan hormatly dynç alyşdaky mugallym Suhan Salarnia, regiondaky türkmenleriniň toý adatlary barada gürrüň berýär.

Suhan Salarnia: Bu ýerde esasan şol öz gadymy däp-dessurlarymyz bar, bizde ýöräp dur. Bu ýerde gelnaljymyzam edil şol öňki ýaly. Milli eşiklerimiz, milli geýimler, milli zatlar hemmesi ýörgünli gidip otyr.

Suhan Salarnia

Suhan Salarnia

Gyzlarymyzam şonuň ýaly mekdeplere gatnanda Eýran eşigini geýäýende-de öýe dolanyp gelende hökman öz türkmen geýimlerini geýýärler, öz dilinde gepleýärler. Esasan hem toýlarda gaty gyzykly, gowy edip geýýärler.

Don, topby, dastar, seçekli ýaglyk ýaly garaz gyzlarymyz bir kemsiz geýýär. Biziň erkeklerimizde silkme ýaly milli eginbaş ýok, ýewropa eginbaşy görnüşinde diýäýmeseň.

Gelnaljymyz hem türkmenleriň başga ýerlerde ýaşaýanlarynyňky ýaly. Toý şu gün başlansa, gije gelýärler, märeke üýşýär. Onsoň şu gije esasy aýdym-saz bolýar. Bagşylar üýşýär. Jahyllar aňyrda başga jaýda özbaşdak döwrebap tans, üýşmeleň edýärler.

Bäri yslamy ýurt bolansoň gelinler-gyzlarymyz goşulşyp-gatnaşyp duranok, olar aýratyn özbaşyna bolýar. Olaryň goşulyşmagy bolanok. Esasy şu gije bagşylarymyz gowy oturyp, aýdym-saz edenden soň, ertir gelnaljy barýar. Baryp genli alyp gaýdýar-da, ertiri günortan külli millete nahar berýär. Ondan soň toý sowulýar. Ýöne otuz-kyrk sany ýaşulyny alyp galýarlar.

Ýene erte agşamlyk bizde “Nika toý” diyip bir adat bar. Şonda nika gyýylýar, onuň gapdalyndan giýewe täze eşik geýdirýärler. Onsoň ertir agşamy alyp baryp el alyşdyrýarlar.

Bizde şeýle el alyşdyrma ýaly adatlar bar. Şonda ýakynrak dostlar üýşýär we şonuň gijesinde-de şeýdip gowy gyzyklyrak geçýär. Toýuň indi soňkyrak zatlaram şeýdip gutarýar, ýöne kyrk güne ýetýär şol toý adatlary.
XS
SM
MD
LG