Sepleriň elýeterliligi

Ozalky premýer-ministr türkmen-ukrain gatnaşyklary barada


Anatoliý Kirilowiç Kinah, 2013 ý.

Anatoliý Kirilowiç Kinah, 2013 ý.

Sişenbe güni Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň Türkmenistana üç günlük resmi sapary başlandy. Munuň bilen baglanşykly Azatlyk Radiosy Ukrainanyň ozalky premýer-ministri, Ukrainanyň Telekeçiler birleşiginiň başlygy, halk deputaty Anatoliý Kirilowiç Kinah bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Anatoliý Kirilowiç, prezident Ýanukowiçiň Türkmenistana edýän saparyndan nämelere garaşyp bolar?

Anatoliý Kirilowiç: Soňky 20 ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli özgeriş basgançaklary boldy. Iki tarap deňhukukly ykdysady, energetiki, maliýe goýumlar ugurlary boýunça söwda gatnaşyklaryny tassyklaýar.

Esasanam, 1995-nji ýylyň ortalarynda we 2000-nji ýylyň başlarynda döwletara gatnaşyklarymyz gülledi. Iki ýurt Ukrainanyň her ýyl ortaça 30-35 milliard kubometr tebigy gazy satyn almagy baradaky şertnama gol çekişdiler.

Ukraina Türkmenistandaky gazgeçirijileriň gurluşyk proýektleriniň infrastrukturasyny döretmäge, ýol, köprüleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryna aktiw gatnaşdy. Bu proýektlere Ukrainanyň öňdebaryjy kärhanalary, mysal üçin, “Frunze” birleşigi we başga-da güýçli gurluşyk firmalary işjeň gatnaşdylar.

Mundan başga-da Ukraina Türkmenistandan özi üçin gerek bolan energiýa resurslaryny, tebigy gazy alýardy. Bu-da Ukrainanyň ykdysadyýetine oňyn täsir edip, ýurduň energiýa resurslary boýunça howpsuzlygyny üpjün edýärdi.

Şonuň üçin Ukrainanyň prezidentiniň biziň üçin dostlukly ýurt bolan Türkmenistana häzirki saparynyň esasy bölegi, ikitaraplaýyn alada esasynda, iki ýurduň arasyndaky öňki hyzmatdaşlygy täze derejä götermekden we güýçlendirmekden ybaratdyr.

Sebäbi Ukraina awiagurluşyk, energiýa resurslary geçiriji tehnikalar, transport serişdeleri, agro-hojalyk kompleksi, kadrlary taýýarlamak boýunça we başga-da käbir ugurlar boýunça güýçli, uly ylmy mümkinçiliklere eýedir.

Ukrainanyň prezidentiniň Türkmenistana edýän saparynyň netijesinde iki ýurduň arasynda täze derejeli gatnaşyklar dörär we iki tarapyň ykdysadyýeti güllär we bu sapar iki halkyň bagtyýarlygyny üpjün eder diýip umyt edýärin.

Azatlyk Radiosy: Siziň belleýşiňiz ýaly, geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başlarynda iki ýurduň arasynda türkmen gazynyň söwdasy boýunça şertnamalara gol çekildi. Ýöne soňra Ukraina akdyrylýan türkmen gazy belli bir derejede togtadyldy. Şol zatlaryň nähili ýagdaýda bolandygy we sebäpleri barada gürrüň berseňiz. Häzirki wagt bu ugurdaky tagallalar nä derejede alnyp barylýar?

Anatoliý Kiriilowiç: Soragyň birinji bölegi boýunça, ýaňy aýdyşym ýaly, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli döwri boldy. Gynansak-da, 2005-2006-njy ýyllarda köp ugur boýunça hyzmatdaşlyklar bozuldy. Munuň sebäbi şol döwürde Ukrainada agyr we bulaşyk syýasy ýagdaýyň bolmagydyr.

Indi biz hyzmatdaşlyklary dikeltmek üçin ähli zady etmeli. Ukraina öz günbatar serhedine, Ýewropa Bileleşiginiň serhedine, bir ýylda azyndan 140 milliard kubometr tebigy gazy akdyryp bilýän güýçli gazgeçiriji sistema eýe. Şu günler ondan 80 milliard kubometr gaz akdyrylýar.

Türkmenistan bolsa täze we uly gaz ýataklaryny açdy we bu üstünlikleri bilen biz türkmen halkyny gutlaýaryn! Şonuň üçin Türkmenistan öz gazyny diňe gündogar we günorta regionlara satman, Ukrainanyň gazgeçirijilerinden peýdalanyp, Ýewropa hem satyp bilýar. Ýewropa bolsa ähli tölegleri wagtynda tölemäge ukyply region. Şu zatlary göz öňünde tutup, biz iki ýurt bolup, öz maksatlarymyzy birikdirip bileris.

Türkmen gazyny Ukrainanyň gazgeçirijilerinden peýdalanyp, Ýewropa Orsýetiň üsti bilen geçirmek meselesini bolsa köptaraplaýyn: Ukraina, Türkmenistan, Orsýet we Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde çözmeli.

Gazy satýan, geçirýän we satyn alýan taraplaryň ählisiniň pikirleri, maksatlary göz öňünde tutulmaly. Bu meseleler Ukrainanyň prezidentiniň saparynda hem gozgalar diýip pikir edýän.

Gepleşiklere beýleki taraplary-da çekmeli we deňagramly netijelere gelinmeli diýip pikir edýärin. Ýewraziýa regionynda hiç hili syýasy basyşsyz, hemmetaraplaýyn, deňhukukly we erkin energoresurs söwdasyny ýola goýmaly.

Azatlyk Radiosy: Anatoliý Kirilowiç, siz Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň täze tapgyrynyň başlanandygyny aýtdyňyz. Siziň pikiriňizçe iki ýurt haýsy pudaklar boýunça özara hyzmatdaşlyk edip bilerdi?

Anatoliý Kirilowiç: Türkmenistan Merkezi Aziýa boýunça gülläp ösýän ýurtlaryň hataryna girýär we örän çynlakaý maliýe mümkinçiliklere-de eýe. Ukraina Türkmenistan bilen dürli infrastruktura proýektler boýunça-da gowy hyzmatdaşlyk edip bilýär.

Öň aýdyşym ýaly, Ukraina transport infrastrukturasy, diňe bir aeroportlar däl, demir ýollar we Ukrainanyň deňizýaka döwletdigini göz öňünde tutsaň, gämi gurluşygy, energetik infrastruktura boýunça-da hyzmatdaşlyk etmäge ukyplydyr.

Mundan başga-da, agtaryş, ylym, nebit-gaz pudaklary üçin kadrlary taýýarlamak, awia, demirýol, köprüler, ýollary gurmakda-da Ukraina Türkmenistan bilen doly hyzmatdaşlyklara taýýar.

Azatlyk Radiosy: Anatoliý Kirilowiç, türkmen-ukrain gatnaşyklary baradaky arzuwlaryňyzy hem beýan edäýseňiz?

Anatoliý Kirilowiç: Dostlukly, doganlykly türkmen halkyna üstünlikler, bagt we köp haýyr hem-de şu esaslarda dünýäde mynasyp ornuny eýelemegini arzuw edýärin. Bu üstünliklere hem Türkmenistan hem-de Ukraina ymtylýar. Size iň gowy arzuwlary edýärin!

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG