Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: “Ata-meken” partiýasynyň tarapdarlary protest geçirdi


Çarşenbe güni Gyrgyzystanyň “Ata-meken” partiýasynyň tarapdarlary parlament komissiýasynyň bu partiýanyň liderlerine bildiren aýyplamalaryna protest bildirip, Bişkekde demonstrasiýa geçirdiler.

Parlament binasynyň öňünde gurnalan bu protest çäresine 3 müň töweregi adam gatnaşdy. Protestçiler parlament komissiýasynyň “Ata-meken” partiýasynyň liderlerine aýyplama bildiriji rezolýusiýasynyň ýatyrylmagyna çagyryş etdiler.

Geçen hepde Gyrgyzystanyň parlament komissiýasy 2010-njy ýylyň aprelinde ýurduň şol wagtky prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň hökümetine garşy gurnalan protest çykyşlarynda amala aşyrylan talaňçylyklarda “Ata-meken” partiýasynyň liderlerini aýyplap, ýörite rezolýusiýa kabul etdi.

Emma protestçiler bu talaňçylyklarda parlamentdäki beýleki partiýalaryň eliniň bardygyny aýdyp, bu partiýalaryň wekillerini indi günäni diňe “Ata-meken” partiýasynyň üstüne atmak synanyşygynda aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG