Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda türkmen-ukrain gepleşikleri geçirilýär


Prezidentler W.Ýanukowiç (sagda) we G.Berdimuhamedow Kiýewdäki geleşikleriň yzýany. Kiýew, 13-nji mart, 2012.
Prezidentler W.Ýanukowiç (sagda) we G.Berdimuhamedow Kiýewdäki geleşikleriň yzýany. Kiýew, 13-nji mart, 2012.
Sişenbe güni Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Türkmenistana resmi sapara bardy.

Çarşenbe güni Aşgabatda ukrain prezidenti W.Ýanukowiçiň we türkmen prezidenti G.Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýokary derejede gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.

Maglumata görä, bu gepleşiklerde iki ýurduň ykdysady, söwda we medeni-gumanitar pudaklaryna degişli hyzmatdaşlyklary mundan beýläk-de has ösdürmeklige degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmenistanyň resmi mediasy bu gepleşikleriň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklara degişli käbir dokumentlere-de gol çekiljekdigini habar berýär.
XS
SM
MD
LG