Sepleriň elýeterliligi

Moskwa: Bikanun migrantlary tutýan toparlar döredilýär


Zähmet migrantlary Orsýetiň Migrasion gullugynyň öňünde, 13-nji ýanwar, 2013.

Zähmet migrantlary Orsýetiň Migrasion gullugynyň öňünde, 13-nji ýanwar, 2013.

Moskwada şäher häkimiýetlerine bikanun migrantlary saklamak üçin ýardam beriji meýletinçiler toparlary döredildi. Adam hukuklaryny goraýjylar orsýet häkimiýetleriniň bu hereketine aladalanma bildirýärler.

Moskwanyň häkimiýetleri 12-nji fewralda bikanun migrantlary gozläp tapmakda ýardam beriji meýletinçiler toparlarynyň döredilýändigini yglan etdiler. Adam hukuklaryny goraýjylar bu hereketiň eden-etdiliklere we zorluga ýol açýandygyny aýdýarlar.

Häkimiýetleriň bu karary yglan edilen badyna ondan gowrak meýletinçiler “Immigrasion patruly” ýazgyly ýörite geýim geýnip, koçä çykdylar.

Meýletinçiler we olaryň wezipesi?

Olaryň biri, öňki polisiýa işgäri Aleksandr Kislitskiniň Orsýetiň Birinji telekanalyna aýtmagyna görä, meýletinçiler migrasion hakimiýetlere raýatlaryň dokumentlerini barlamaga we gaçmaga synanyşýanlary saklamaga kömek berýärler.

Meýletinçiler toparlarynyň düzümine girmek üçin eýäm 300 adamyň ýüzlenendigi barada habar berilýär. Moskwanyň häkimiýetleri meýletinçileriň sanyny 600 adama ýetirmek isleýändiklerini aýdýarlar.

Resmiler meýletinçiler toparlarynyň agzalarynyň başda barlanýandygyny we türgenleşdirilýändigini habar berdiler, şeýle toparlara agressiw adamlaryň ýa-da ultra milletçileriň alynmaýandygyny aýtdylar.

Muňa garamazdan, ynsan hukuklaryny goraýjylar bu meselede aladalanma bildirýärler.

Alada döredýär

Orsýetli meşhur aktiwist, migrantlaryň hak-hukuklaryny goraýjy Swetlana Gannuşkina jemgyýetde milletçiligiň güýçlenýändigini belläp, migrantlary saklamak boýunça meýletinçiler toparlarynyň döredilmeginiň milletparazlygy, eden-etdiligi we jemgyýetdäki bölünişigi has-da güýçlendirjekdigini aýdýar.

Osýetde milletparazlyk duýgulary giň ýaýrady. Milletçilikli hüjümlerde etnik azlyklaryň her ýylda onlarça wekili heläk bolýar.

Ynsan hukuklaryny goraýjylar meýletinçiler toparlarynyň döredilmegi bilen entiki dartgynlylygyň has-da tutaşmagyndan howatyrlanýarlar.

Patrullaryň ygtyýarlygy we maksady

Moskwanyň Howpsuzlyk boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Alekseý Maýorowyň sözlerine görä, meýletinçiler toparlary şäheriň dürli raýonlarynda günde gözleg işlerini geçirerler.

Olar bikanun migrantlary bazarlarda, gurluşyk meýdanlarynda, senagat obýektlerinde, demirýol stansiýalarynda, söwda merkezlerinde we hatda hususy jaylarda-da gözlärler.

Meýletinçilere bikanun migrantlary saklamak we olary polisiýanyň eline tabşyrmak hukugynyň berilmegi ynsan hukuklaryny goraýjylary has uly alada goýýar.

Swetlana Gannuşkina adamlary esassyz saklamaga hatda polisiýanyň-da ygtyýarsyzdygyny bellemek bilen, şeyle hukugyň indi tötänden gelen adamlara berilmeginiň aýylganç bir ýagdaýy döredýändigini aýdýar.

Sowet döwrüne mahsus meýletinçileriň patrullary soňky aýlarda Orsýetiň paýtagtynda dikeldilip başlandy.

Ýakynda Moskwada kazaklaryň patrullary ýerli polisiýa bilen işleşip başladylar.

Prawoslaw dinine uýýan aktiwistler-de, Pussy Raýot pank topary Moskwanyň baş ybadathanasynda çykyş edenden soň, ybadathanalary we gonamçylyklary goramak üçin öz toparlaryny döretdiler.
XS
SM
MD
LG