Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda çilimkeş aýal köpelýär


Çilimkeş aýal.

Çilimkeş aýal.

Çilim çekýän aýallaryň sany ýyl-ýyldan köpelýär we şol bir wagtyň özünde-de çilim çekýän erkekleriň sany soňky on ýylyň içinde 14,1 prosent azalypdyr. Bu Gazagystanyň jemgyýetçilik barlag merkezleriniň wekilleriniň berýän maglumaty.

20 ýaşlaryndaky Aýjan Kemerowanyň (ady, familiýasy üýtgedildi) sözlerine görä, ol eýýäm üç ýyl bäri çilim çekýär we bir günüň dowamynda çen bilen 10 sany çilim çekýär.

Aýjanyň özi bu endigi hakda şeýle diýýär: “Men çilime 11-njy klasda okaýarkam öwrenişdim. Joralarym bilen çilim çekip başladym. Häzirki wagtda iki günde bir guty çilimi çekip gutarýan. Men munuň zyýanlydygyny bilýän, ýöne meniň çilim çekesim gelýär. Men bir gezegem bu endigimden el çekjek bolmadym. Bu barada soň, haçan özbaşdak maşgala guranymdan soň oýlanaryn”.

Gizlinlikde çilim çekmek

“1945-1950-nji ýyllarda-da şäherli zenanlar çilim çekýärdiler, obaly zenanlar bolsa nas atýardylar” diýip, 80 ýaşly Ramazan Alipbaýew aýdýar. Ol döwür barada ol şeýle gürrüň berýär: “Uruşdan soňky ýyllarda obaly aýallar nas atýardylar. Olaryň köpüsi nasy kesellere garşy serişde hökmünde ulanýardy, köpüsi bolsa ony çilimiň deregine ulanýardy. Aýallar nasy ýa diliniň aşagynda goýýardylar ýa-da aşaky dodagynyň aňyrsyna gysdyrýardylar. Dişleri agyrsa-da, nas ulanýardylar. Obada çilim çekýän aýal ýokdy”.

Onuň sözlerine görä, 1950-nji ýyllarda şäherli aýallar aç-açan çilim çekmeýärdiler.

“1950-1960-njy ýyllarda men Almatydaky Üst-Kamenogorsk zawodynda işleýärdim. Üst-Kamenogorskdaky zawodyň agyr işlerinde işleýän aýallaryň hemmesi diýen ýaly çilim çekýärdi. Olar çilimiň ýadawlygy aýyrýandygyny aýdýardylar. Kämahal ýaşlaryň toplanýan ýerlerinde çilim çekýän gyzlara-da duşulýardy, ýöne köp adam olara täsin göz bilen seredýärdi. Aýallar aç-açan çilim çekmekden saklanýardylar, sebäbi çilim çekýän aýallary hökümet gowy görenokdy. Şonuň üçin aýallar garaňky düşýänçe çilimi gizlinlikde çekýärdiler. Olar diňe gijelerine, gizlenmän çilim çekip bilýärdiler” Çilimkeş erkek.

Çilimkeş erkek.

diýip Ramazan Alipbaýew ol döwürleri ýatlaýar.

Birtaraplaýyn aýyplama

“1980-1990-njy ýyllarda aýallar çilimi gizlenip çekýärdiler” diýip, 50 ýaşly Jandarbek Kaýyrbekow aýdýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Jandarbek Kaýyrbekow ýene-de şeýle gürrüň berdi:

“1990-njy ýyllarda, Sowet Soýuzy dargandan soň şäheriň köçelerinde biz çilim çekýän zenanlara köp duşup başladyk. Men hem 18 ýaşymda çilim çekip başladym. Öňler, esasan, bazarlarda söwda edýän, gurluşyklarda, fabriklerde işleýän aýallar çilim çekýärdi. Gazak obalarynda bolsa, çilim çekýän aýýallar “adaty däl” hasaplanýardy. Obaly aýallar öz ärlerine çilim gözleýärdiler. Çilim çekmek okuwçy gyzlar üçin örän erbet endik hasaplanýardy. “Diňe erkekler çilim çekip bilýär” diýen resmi däl düzgün bardy. 1990-njy ýyllarda ýurtda çilimiň gytlygy döredi we şol wagtlar temmäkä talap güýçlendi. Şäherli erkekler hem aýallar temmäkini gazete dolap çekip başladylar. Şu günler bolsa köpçülik çilimkeş aýallara öwrenişdi”.

Häzirki wagtda çilimkeş aýallara gyýa garalýan gazak jemgyýetinde bu mesele barada sosial ulgamlardan peýdalanýan ýaşlar hem öz pikirlerini beýan edýärler. Mysal üçin, Elwira Ergalina Facebook sosial sahypasynda şeýle ýazýar: “Men ähli günälerde çilim çekýän zenanlary günäkärleýän oglanlara geň galýan. “Zenanlar geljekki eneler, goý, çilim çekmesinler” diýýärler olar. Oglanlar hem geljekki atalar ahyryn. Olaryň maşgalasy sagdyn bolmaly...”

“Çilimkeş aýallaryň sany 9,3 prosent boldy”

Gazagystanda köpçüligiň pikirini öwrenýän Aýjan Şabdenowanyň sözlerine görä, 1990-njy ýyldan soň çilim çekýän zenanlar köpeldi.

“2010-njy ýylda ”Köpçüligiň pikirini öwrenýän merkez” Ýewropa Bileleşiginiň beren granty esasynda gazagystanly çilimkeş erkekleriň we aýallaryň arasynda barlag geçirdi. Ýaňky ýaly barlag ilkinji gezek 2001-nji ýylda geçirilipdi we dokuz ýyldan soň ol ýene bir gezek geçirildi. Onuň netijesi boýunça çilim çekýän aýallar 9,3 prosente ýetipdir. Eger 2001-nji ýylyň barlagynyň netijesi bilen 2010-njy ýylyňkyny deňeşdirsek, çilim çekýän aýallar azalanok” diýip, Aýjan Şabdenowa gürrüň berýär.

”Sagdyn durmuşy ündeýän milli merkeziň” bu ugurdan berýän maglumatlary ”Köpçüligiň pikirini öwrenýän merkeziň” maglumatlaryna meňzeş. ”Sagdyn durmuşy ündeýän merkeziň” wekili Asym Almazbekowa bu hakda şeýle diýýär:

“Gazagystanda çilim çekýän aýallaryň sany artýar. Biziň barlaglarymyza görä, 2001-nji ýylda çilim çekýän aýallar 7,5 prosentdi, 2010-njy ýylda bolsa 9,4 prosent boldy.

”Köpçüligiň pikirini öwrenýän merkeziň” maglumatlaryna görä, Gazagystanda çilim çekýän erkekleriň sany azalýar. Mysal üçin, eger 2001-nji ýylda çilim çekýän erkekler 65,3 prosent bolan bolsa, 2010-njy ýylda 51,2 prosent boldy.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde aýallaryň 12 prosenti çilim çekýär. Iň köp çilimkeş aýallar Daniýadadyr, bu ýurtda her üçünji aýal çilim çekýär.
XS
SM
MD
LG