Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen diliniň ösüşine näme böwet bolýar?


Mekdep okuwçysy. Türkmenistan
Mekdep okuwçysy. Türkmenistan
Türkmenistanda Türkmen dili hakyndaky kanunyň kabul edilenine maý aýynda 23 ýyl bolýar. Ýöne ýurt içinden gelýän habarlarda türkmen dilini ösüşden bökdeýän zatlaryň henizem az däldigi aýdylýar.

Eýsem bu bökdençlikler nämelerden ybarat we olaryň aňyrsynda ýatan zatlar hakda ýerli synçylar näme pikir edýär?

Türkmen diliniň giň ösüşe eýe bolmagy, türkmen ýaşlarynyň öz ene dilini gowy bilmegi, umuman Türkmenistanda milli dile söýginiň güýçlenmegi üçin nähili çäreler görülmeli?

Azatlyk Radiosynyň türkmen diliniň jemgyýetdäki orny we ilatyň, hususan-da ýaşlaryň umumy dil sowatlylygy barada gurnan "Tegelek stol" söhbetdeşligine aşgabatly ýazyjy-şahyrlar Aşyrguly Baýryýew, Amanmyrat Bugaýew, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen ýazyjylary Hudaýberdi Hally, Akmuhammet Welsapar dagy gatnaşýar.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
XS
SM
MD
LG