Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atom agentligi Eýran bilen gepleşikleriň şowsuzdygyny aýdýar


Halkara Atom agentligi Eýranyň ýadro nokatlarynda barlag geçirmek meselesi boýunça geçirilen özara gepleşikleriň ýene nobatdaky gezek şowsuz tamamlanandygyny aýdýar.

Bu barada penşenbe güni Wenada žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda bu agentligiň direktorynyň orunbasary Herman Nakaerts mälim etdi. Ol bu mesele boýunça indiki geçiriljek gepleşikleriň möhleti barada-da heniz anyk bir ylalaşyga gelinmändigini aýtdy.

Bu wakanyň öňýany, çarşenbe güni Eýranyň ýadro meseleleri boýunça ýörite wekili Ali Asgar Soltaniýeh Tähranda geçirilen bu ikitaraplaýyn gepleşiklerde käbir meseleler boýunça belli bir ylalaşyklara gelnendigini belledi.

Emma ol bu ylalaşyklaryň nämeden ybaratdygy barada welin anyk zat aýtmady.
XS
SM
MD
LG