Sepleriň elýeterliligi

Ozalky azeri deputaty tussag edildi


Penşenbe güni Baku şäheriniň ýerli sudy Azerbaýjanyň dolandyryjy partiýasynyň deputatlyk mandatyndan mahrum edilen Gülýar Ahmadowany tussag astyna almak barada karar çykardy.

Suduň karary bilen ol häzirlikçe iki aýa çenli wagtlaýyn tussaghanada saklanar.

Geçen ýylyň sentýabrynda bu ýurduň dolandyryjy partiýasy bolan “Ýeni Azerbaýjan” partiýasynyň şol wagtky deputaty Gülýar Ahmadowanyň parlamentdäki deputatlyk orunlary üçin näçe para berilmelidigi barada edýän gürrüňiniň wideo ýazgysy internetde peýda bolupdy.

Maglumata görä, bu wideo ýazgydaky waka 2005-nji ýylda surata düşürilipdir.

Azerbaýjanyň ozalky deputaty Gülýar Ahmadowa sud tarapyndan bu jenaýat işinde günäli tapylan halatynda, oňa 12 ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmegi mümkin diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG