Sepleriň elýeterliligi

Doneskde uçar heläkçiliginde bäş adam öldi


Ukrainanyň resmileri çarşenbe güni bu ýurduň Donesk şäherinde bir ýolagçy uçarynyň aeroporta gonan wagty heläkçilige uçramagy netijesinde 5 adamyň ölendigini we 12 adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Maglumata görä, bu wakada üsti 45 sany ýolagçyly uçar aeroportda gonmakçy bolandy, gonuş ýolundan çykyp, agdarylypdyr. Odessadan Donesk şäherine uçup baran bu ýolagçylaryň aglabasynyň futbol janköýerleridigi aýdylýar.

Maglumata görä, olar çarşenbe güni Çempionlar Ligasynda çykyş edýän Donesk şäheriniň “Şahtýor” komandasy bilen Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” komandasynyň oýnuna tomaşa etmäge gelen ekenler.

Bu oýnuň başlamazynyň öňýany uçar heläkçilinde ölen bu futbol janköýerleriniň hormatyna Doneskiň stadionynda bir minutlyk dymyşlyk yglan edildi.
XS
SM
MD
LG