Sepleriň elýeterliligi

BMG Preddnestrowiýa barada hasabat ýaýratdy


Penşenbe güni Birleşen Milletler Guramasy Moldowanyň separatistik regiony bolan Preddnestrowiýa regionyndaky adam hukuklarynyň ýagdaýy barada açyk hasabat ýaýratdy.

BMG-niň ýörite hasabatçysy Tomas Hammarberg tarapyndan taýýarlanan bu hasabatda Preddnestrowiýa regionynyň tussaghanalaryndaky ýagdaýlary gowulandyrmak boýunça reformalaryň geçirilmegine çagyryş edilýär.

Mundan daşary, hasabatda bu regionyň häkimiýetleriniň adam gaçakçylygyna garşy çärelere has ýokary ähmiýet bermelidikleri-de nygtalýar.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça baş komissary Nawi Pilleý bu hasabatyň taýýarlanmagynda Preddnestrowiýa regionynyň häkimiýetleriniň doly hyzmatdaşlyk edendiklerini belläp, muňa öz minnetdarlygyny bildiripdir.
XS
SM
MD
LG