Sepleriň elýeterliligi

Türkmen we ukrain prezidentleri Lebaba sapar edýär


Çarşenbe güni Aşgabatda Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikde döwlet liderleriniň iki ýurduň ykdysady, söwda we medeni-gumanitar pudaklaryna degişli hyzmatdaşlyklary mundan beýläk-de has ösdürmeklige degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklary habar berilýär.

Maglumata görä, gepleşikde Türkmenistan bilen Ukrainanyň energiýa sektoryndaky hyzmatdaşlyklarynyň perspektiwalary barada-da gürrüň edilipdir.

Mälim bolşy ýaly, soňky wagtlar Orsýetden gymmat bahadan tebigy gaz satyn alyp gelýän Ukraina Orsýetiň tebigy gazyna bolan garaşlylykdan çykmak üçin alternatiw energiýa çeşmelerine gyzyklanma bildirip gelýär.

Çarşenbe güni Berdimuhamedow bilen Ýanukowiç Lebap welaýatyna sapar edip, ol ýerdäki Amyderýanyň üstünden gurlan transport köprüleriniň açylyş dabarasyna hem-de täze halkara aeroportunyň gurluşygynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşýarlar.
XS
SM
MD
LG