Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan polşaly deputatlara Kozlowy görkezmedi


Gazagystanly oppozisiýa lideri Wladimir Kozlow (sagda) Aktau şäherindäki sud prosesinde. Aktau, 8-nji oktýabr, 2012.
Gazagystanly oppozisiýa lideri Wladimir Kozlow (sagda) Aktau şäherindäki sud prosesinde. Aktau, 8-nji oktýabr, 2012.
Çarşenbe güni Gazagystanyň häkimiýetleri Polşanyň iki sany deputatyna türmedäki oppozisiýa lideri Wladimir Kozlowyň türme kamerasyna sapar etmäge rusat bermediler.

Gazagystana sapar edýän polşaly parlament deputatlary Tomaz Makowskiý bilen Malgorzata Marsinkewiç çarşenbe güni bu ýurduň Petropawlowsk şäherinde tussaglykda oturan oppozisiýa lideri Wladimir Kozlowyň kamerasyna sapar etmäge synanyşdylar.

Emma bu deputatlaryň aýtmagyna görä, türmäniň ýolbaşçylary munuň üçin Gazagystanyň Içeri işler ministrliginden we Baş prokuraturasyndan ýörite rugsadyň zerurdygyna salgylanyp, olary Kozlowyň oturan kamerasyna goýbermändirler.

Gazagystanyň sudy geçen ýylyň oktýabrynda Wladimir Kozlowy 2011-nji ýylyň dekabrynda Žanaözen şäherinde bolan halk çykyşlarynda günäli tapyp, ony 7.5 ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi.
XS
SM
MD
LG