Sepleriň elýeterliligi

Eýran saýlawlardan öň internet azatlygyny çäklendirýär


Eýranda internet senzurasynyň afişasy.

Eýranda internet senzurasynyň afişasy.

Habarlardan mälim bolşuna görä, Eýran 14-nji iýunda geçiriljek prezident saýlawlaryndan öň internet senzurasynyi güýçlendirmäge gönükdirilen çäreleri görýär.

Eýran özüniň prezident saýlawlaryndan öň internet senzurasyny güýçlendirjek çäreleri görmegi niýet edinene çalym edýär.

Soňky günlerde internet aktiwligi bilen baglylykda jenaýat hasaplanmaly zatlaryň uzyn sanawy peýda boldy, olaryň içinde saýlawlary boýkot etmäge, içerde oturmaga ýa-da prtestlere çagyrmak, prezidentlige kandidatlary masgaralamak hem bar.

Eýranyň “Fars” we ISNA habar gulluklarynyň şol bir wagtda habar bermegine görä, Eýranda gadagan edilen Feýsbuk, Twitter we beýleki saýtalara girmek ýa-da şol gadagan edilen websaýtlary wagyz etmek hem jenaýata öwrüldi.

Eýran interneti ozalam gönendirmändi

Eýran mundan öňem dünýäde internet azatlygynyň iň bir gazaply senzorlarynyň biridi. Bu režim özi tarapyndan ahlaksyz ýa-da milli howpsuzlyga wehim diýip hasaplanýan on müňlerçe websaýty, şol sanda habar we sosial-media ulgamlaryny gadagan edýär.

Göz öňünde tutulýan täze çäreler bolsa, eger güýje girse, web we sosial mediany internet işjeňliginiň platformasy edip ulanýan adamlary has beterleşýän basyşa sezewar eder.

Birleşen Ştatlaryň hökümeti geçen hepde Eýranyň FATA diýip bilinýän internet polisiýasyny nyşana alýan sanksiýalary girizdi. FATA 2009-njy ýylda döredilip, syýasy hereketlere dahylly ýe-meýl adreslerine haker hüjümlerini etdi, hökümete garşy bloglary bozdy we bloggerleri tussag etdi.
Blogger we aktiwist Sattar Beheşti.

Blogger we aktiwist Sattar Beheşti.


Soňky ýyllar Eýranda internet işjeňligi, şol sanda Feýsbukda bir zatlar goýandygy üçin birnäçe aktiwist we blogger türmä basyldy. Blogger Sattar Beheşti bolsa, internet polisiýasy tarapyndan tussag edileninden soň, noýabr aýynda tussaghanada öldi.

Jenaýatçylykly mazmun

Jenaýatçylykly mazmuny kesgitlemek boýunça iş toparynyň başlygy Abdolsamat Horamşahi 11-nji fewralda “Fars” habar gullugyna beren gürrüňinde öz toparynyň 6-njy fewralda bolan duşuşygynda internet jenaýatlarynyň täze sanawynyň tassyklanandygyny, bu duşuşyga birnäçe resminiň, şol sanda döwlet prokurorynyň we iki sany deputatyň hem gatnaşandygyny aýtdy.

Sanawdaky jenaýatlaryň käbiriniň kesgitlemesi örän gümürtik, ýagny “jemgyýetçilik pikirini garjaşdyrmak”, “garalap görkezmek ýa-da Eýranyň reallyklaryna garşy temalary ara alyp maslahatlaşmak” diýen ýaly kesgitlemeler häkimiýetlere jenaýat edilendigini kesgitlemekde uly erkinlik berýär.

Saýlaw boýkoty baradaky habarlary çap we wagyz etmek, hökümet websaýtlaryny kampaniýa maksady bilen bikanun ulanmak, internetde saýlawa keseden gatyşmagy maksat edinýän materiallary ýerleşdirmek, resmi kampaniýa wagtyndan öň we soň internet kampaniýasyny geçirmek ýaly zatlar hem täze jenaýatlara girýär.

Bu sanaw çap edileneninden bir gün soň petiklenen websaýtlara girmek we olary wagyz etmek hem jenaýat diýlip yglan edildi.

Ýarym resmi ISNA habar gullugy Eýranyň Kompýuter jenaýatlary kanunynyň 21-nji maddasyna hem täze jenaýatlaryň goşulandygyny habar berdi.

"Ozal ýurduň köp websaýty, şol sanda käbir resmi saýtlar we habar saýtlary öz salgylarynyň we sepleriniň arasyna Feýsbugy we Twitteri hem goşýardylar - diýip, ISNA ýazdy. - Ýöne indi sanawa jenaýatçylykly mazmun punkty goşulandan soň, bu websaýtalaryň şol salgylary aýyrmagy talap edilýär."

“Fars” habar gullugy bu habary tassyklady we täze kanuny bozan websaýtlaryň we bloglaryň jogapkärçilige çekiljegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG