Sepleriň elýeterliligi

Maronyň Baýramalydaky türmede saklanýandygy aýdylýar


Maksat Kakabaýew

Maksat Kakabaýew

Düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” topary Türkmenistanda mundan iki ýyl ozal türmä basylan ýaş aýdymçylar Maksat Kakabaýew bilen Myrat Öwezowyň soňky ykbaly barada käbir täze maglumatlary çap etdi.

“Türkmenistanyň hronikasy” saýtynyň ýazmagyna görä, Maro lakamly Maksat bagşy Baýramalydaky türmede saklanýar. Azatlyk Radiosy bu maglumatlar barada “Türkmeni inisiatiwasynyň” başlygy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz golaýda Türkmenistanda gümürtik aýyplamalar esasynda türmä basylandygy aýdylýan iki aýdymçynyň düşen ýagdaýy hakynda ozal köpçülige anyk bolmadyk maglumatlary çap etdiňiz. Ýagny Maro lakamly Maksat Kakabaýewiň Baýramalydaky türmede saklanýadygyny, oňa 7 ýa-da 9 ýyl türme tussaglygynyň berlen bolmagynyň ahmaldygyny ýazdyňyz. Bu maglumatlar näderejede ynamdar?

Farid Tuhbatullin: Hakykatda biz Maksat Kakabaýewiň we Myrat Owezowyň saklanandygy baradaky maglumatlary ilkinji gezek 2011-nji ýylyň ýanwarynyň aýagynda, ýagny iki ýyl mundan ozal çap edipdik. Şonda, biziň mümkinçiliklerimiz esasynda, gynansak-da, bu maglumatlary doly tassyklatmak başartmandy. Ýöne şol wagt olary, şol sanda Kakabaýewiň garndaşlaryny hem, toslanyp tapylan aýyplamalar esasynda, iki ýyl azatlykdan mahrum etmek barada höküm çykaran ýalydylar.

Biz olaryň soňky ykbalyny anyklamak üçin köp tagalla etdik. Amerikan hukuk goraýjy topary bolan “Freedom Now” hem, biziň haýyşymyz boýunça, bu meseläniň üstünde işledi we dürli halkara guramalaryna ýüz tutdy. Onsoň biraz öň Ýewropa parlamentiniň birnäçe deputaty türkmen häkimiýetlerine hat bilen ýüzlendi. Şol hatda olaryň, degişlilikde, Maksat Kakabaýewiň 7 ýyl türme tussaglygyna, Myrat Öwezowyň bolsa 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi aýdylýar.

Men olaryň bu maglumaty nireden alandygyny bilemok. Belki-de olaryň nähilem bolsa bir resmi netijesi, türkmen tarapyndan resmi haty bardyr. Şol bir wagtda bu mesele bilen bagly ýagdaý örän bulaşyk. Gynansak-da, olaryň garyndaşlary hem biziň habarçylarymyz bilen gürleşmekden gorkýarlar. Ýöne olara berlen tussaglyk möhletiniň uludygy welin düşnükli.

Azatlyk Radiosy: Farid, siz 2011-nji ýylyň başlaryndan bäri türmede saklanýan Myrat Öwezow barada hem käbir maglumatlary çap etdiňiz. Ýagny onuň Maryda ýedi doganynyň bardygyny, garyndaşlarynyň Myrady türmeden çykarjak bolandygyny, emma bu işden netije çykmandygyny ýazdyňyz. Eýsem sizde bu aýdymçynyň ykbaly hakynda nähili goşmaça maglumat bar?

Farid Tuhbatullin: Gynansak-da, bizde Myrat hakda kän anyk maglumat ýok, şol sanda onuň nirede saklanýadygyny hem anyklap bilmedik. Ýogsam bolmasa biz ol hakda käbir maglumatlary topladyk. Biziň kärdeşlerimiz onuň doganlarynyň, garyndaşlarynyň sud organlaryna birnäçe gezek ýüz tutandyklaryny, sud seljerişligi mahalynda aklawçy tutandyklaryny anykladylar. Emma sud höküm çykaranyndan soň edilen şikaýatlar hiç bir netije bermändir.

Mundanam başga, olar Myrat günä geçişleriň birinde boşadylar diýip tama edipdirler. Emma olaryň bu tamasy häzire çenli çykmandyr. Onsoň olar häzir häkimiýetler bilen gatnaşyklaryny ýitileşdirmezlik isleýärler we golaýda boljak Baýdak baýramyna gabat onuň günä geçişe düşmegine garaşýarlar.

Ýöne, meniň göwnüme bolmasa, türkmen häkimiýetleri özlerine garyndaşlarynyň türmeden boşadylmagyny sorap ýüz tutýan adamlary köplenç şeýdip aldaýarlar, ýagny olaryň indiki günä geçişde boşadyljagyny aýdýarlar. Emma bu beýle bolmaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG