Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowa: Parlament käbir dawaly meselelere garaýar


Anna güni Moldowanyň parlamenti käbir içerki syýasy dawalara garamazdan, özüniň ýazky sessiýasyna başlady. Bu wakanyň öňýany, penşenbe güni parlamentiň spikeri Marian Lupunyň bu sessiýany yza süýşürmek barada eden teklibini parlament oňlamady.

Spikeriň şeýle teklip bilen çykyş etmegine Moldowanyň premýer-ministri Wlad Filatyň öz Liberal-demokratik partiýasynyň parlamentdäki öz syýasy partnýorlary bilen koalisiýa döretmek planyndan çykýandygyny yglan etmegi sebäp boldy.

Parlamentiň täze sessiýasynyň gün tertibinde birnäçe möhüm dawaly meseleler bolar diýlip garaşylýar.

Olaryň hatarynda moldowaly bir biznesmeniň aw wagtynda atylyp öldürilmegi bilen baglanyşykly wakada ýurduň ozalky baş prokuroryna bildirilýän aýyplamalar we Moldowanyň bank sistemasynyň Orsýet bilen baglanyşykly pul ýuwuşlyklara dahyllydygy barada bildirilýän aýyplamalar bilen bagly meseleler hem bar.
XS
SM
MD
LG