Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet gürji deputatyny tussag etmek isleýär


Anna güni Orsýetiň häkimiýetleri Gürjüstanyň parlament deputaty Giwi Targamadzäni tussag etmek barada karar çykardylar. Bu baradaky karary şu gün Orsýetiň Içeri işler ministrligi yglan etdi.

Orsýetiň kanun goraýjy organlary oňa Orsýetde köpçülikleýin bulagaýçylyklary döretmek synanyşyklarynda aýyplama bildirýärler.

Geçen ýylyň oktýabrynda Orsýetiň telewideniýesi Gürjüstanyň parlament deputaty Giwi Targamadzäniň orsýetli oppozision aktiwist Sergeý Udalsow bilen duşuşyp, Moskwada demonstrasiýa gurnamak meselelerini maslahatlaşýandygyny görkezýän wideo ýazgyny we käbir beýleki maglumatlary efire berdi.

Bu wakanyň yzy bilen oppozision aktiwistler Sergeý Udalsow, Konstantin Lebedew we Leonid Razwozžaýew dagylar bulagaýçylyklary gurnamakda aýyplanyp, tussag astyna alyndylar.

Gürjüstanyň Baş prokuraturasy bu ýurduň öz kanunçylygyna salgylanyp, deputat Giwi Targamadzäniň Orsýete ekstradisiýa edilip bilinmejekdigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG