Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Oppozisiýa hökümet bilen gepleşik meselesine garaýar


Anna güni Siriýanyň esasy oppozision koalisiýasy prezident Başar al-Assadyň režimi bilen gepleşiklere girmelimi ýa girmeli däldigi baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin ýörite maslahat geçirýär.

Mundan ozal Siriýanyň oppozision güýçleriniň Milli Koalisiýasynyň başlygy Moaz al-Hatib hökümetiň “elleri gana boýalmadyk” resmileri bilen gepleşik geçirmäge taýýardygyny mälim edipdi.

Emma onuň bu teklibine oppozision koalisiýanyň käbir agzalary garşy çykyp, muny tankyt edipdiler.

Bu wakalaryň fonunda oppozision aktiwistler penşenbe güni ýurduň Idlib prowinsiýasynda iki sany harby uçary atyp, ýere gaçyrandyklaryny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG