Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Musawiniň we Korrubiniň ykbalyna aladalanýar


Anna güni Birleşen Ştatlaryň hökümeti Eýranda indi iki ýyl bäri öý tussaglygynda saklanýan oppozisiýa liderleriniň azatlyga goýberilmegine çagyryş edip, beýanat ýaýratdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bu baradaky beýanatynda oppozisiýa liderleri Mir Husseýin Musawi bilen Mehdi Korrubä garşy hiç hili resmi aýyplama-da bildirilmän, olaryň öý tussaglygynda saklanýandyklary bellenipdir.

Mir Husseýin Musawiniň aýaly, aýal-gyzlaryň hukugyny goraýjy aktiwist Zahra Rahnaward hem öz adamsy bilen bilelikde öý tussaglygynda saklanýar.

Eýranyň bu oppozisiýa liderleriniň ikisem 2009-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlarynda dalaşgärler hökmünde Mahmud Ahmedinejat bilen bäsleşipdiler.

ABŞ-nyň bu beýanatynyň öňýany Ýewropa Bileleşigi hem Mir Husseýin Musawi bilen Mehdi Korrubiniň haýdan-haý öý tussaglygyndan azat edilmegine çagyryş edip, beýanat ýaýradypdy.
XS
SM
MD
LG