Sepleriň elýeterliligi

Deňizde togtan äpet kruiz gämisi kenara getirildi


Üsti 4 müňden gowrak ýolagçyly “Karniwal Triumf” atly kruiz gämisi ýüze çykan çynlakaý tehniki näsazlykdan soň anna güni ABŞ-nyň Alabama ştatynyň Mobile deňiz portuna baryp saklandy.

Mundan dört gün ozal Meksika aýlagynda “Karniwal Triumf” kruiz gämisiniň elektrik generatorynyň öçmegi netijesinde, bu gäminiň hereketi togtady. Şol tehniki näsazlygyň netijesinde gäminiň elektrik enjamlary we hatda hajathanasy-da işlemegini bes etdi.

Soňky dört günüň dowamynda bu äpet kruiz gämisi ýörite halas ediş gämilerine tirkelip, Birleşen Ştatlaryň kenar ýakasyna getirildi.

Bu gämä eýelik edýän “Karniwal Korporaýşen” kompaniýasy bu kynçylyklary başdan geçiren we turistik syýahatlary bökdelen ýolagçylaryň ähli çykdajylarynyň gaýtarylyp beriljekdigini, geljekde olara arzan bahadan turistik syýahatlaryň hödürlenjekdigini, mundan daşary bu turistlerden her birine goşmaça 500 dollar kompensasiýa-da tölenjekdigini mälim etdi.

Geçen ýyl hut şu kompaniýanyň eýeçiligindäki “Kosta Konkordia” kruiz gämisi Italiýanyň kenar ýakasynda suwa agdarylanda, 32 adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG