Sepleriň elýeterliligi

Çelýabinsk: Meteorit partlanda 400 adam ýaralandy


Çelýabinsk şäheriniň eteginde asmanda partlanan meteoritiň sarsgynynda zyýan çeken jaýlardan biri. Çelýabinsk, 15-nji fewral, 2013.

Çelýabinsk şäheriniň eteginde asmanda partlanan meteoritiň sarsgynynda zyýan çeken jaýlardan biri. Çelýabinsk, 15-nji fewral, 2013.

Anna güni Orsýetiň resmileri Çelýabinsk oblastynda bir meteoritiň Ýere ýakyn aralykda ýanyp, asmanda pytramagy netijesinde 400-den gowrak adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Ýaralananlardan aglabasynyň ýeňil ten ýaralarany alan adamlardygy aýdylýar. Bu tebigy hadysanyň netijesinde azyndan dokuz adam keselhana düşüpdir.

Meteorit asmanda partlanda, onuň howada döreden sarsgynyndan we onuň böleklerinden käbir binalara zyýan ýetendigi habar berilýär.

Gözli şaýatlaryň alan wideo ýazgysynda asmanda partlanan meteoritiň Çelýabinsk oblastynyň asmanynda goýy tüsse galdyryp, uzak aralyklara ýaýraýandygyny görmek bolýar.
XS
SM
MD
LG