Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: Ýaş toýy


Çekeleşik karikaturasy.

Çekeleşik karikaturasy.

Ýaş toýy

Türkmen bir töwra millet. Ol ýetginjek çagy tizräk ulalmagyň arzuwynda bolsa, ýaşy bir çene baranda, öz ýaşyndan ýaş bolmagyň, ýaşyny kiçeltmegiň köwsaryna düşýär. Bu ýagdaý türkmeniň meşhur ýazyjysy Beki Seýtäkowyň ykbalynyň deňindenem öwrüm berip geçmedi.

1974-nji ýylyň tomsunda Beki aga Arçman şypahanasynda dynç almagy müwessa bildi. Ol ýerde Beki däde bilen bir wagtda ýazyjy Hojanepes Meläýewiň aýaly, žurnalist Kümüş Meläýewa hem-de Kümüş gelnejäniň kärdeşleri 2-3 gelinem
dynç alýardy. Hojanepes ikimiz Beki dädäniň hem-de Kümüş gelnejäniň halyndan habar tutmak üçin hepdede azyndan 2 gezek Arçmana baryp-gaýdýardyk.

Bir gezek saçak başynda Kümüş gelneje Beki dädä ýüzlenip:

– Beki aga, şu ýyl siziň altmyş ýaşyňyz dolýar. Nesibe çekip, bu ýyl siziň bilen Arçmanda bile dynç alýarys. Sizde iň kän zat pul. Iki-üç dowary, bir toýy sowjak gaýry zatlary satyn alsaňyz, altmyş ýaşyňyzyň toýuny, sadagasy boldugym, şu Arçman atanyň mekanynda tutardyk. Şol toýda ýeňimizi çyzgap, hyzmat etmek biziň borjumyz. Sebäbi biz aslynda siziň ildeşleriňiz, üstesine-de, hem ildeşleriňiz, hem şägirtleriňiz bolan ýigitleriň gelinleri – diýdi.

Beki däde Kümüş gelneje bilen bir heňden gopmady:

– Meniň doglan ýylym “bir müň dokuz ýüz on dördünji ýyl” diýlip ýazylan. Ýöne ejem pahyr “Beki, sen general Galkiniň Daşhowuzyň üstüne goşun çeken ýyly, topragy gana gark eden ýyly doguldyň” diýerdi. General Galkiniň jeza beriji ekspedisiýasy bir mýň dokgyz ýüz on altynjy ýylda Daşhowuza gelipdir. Men şol ýyl, ýagny on altynjy ýyl doglan bolmaly. Toýy ýene-de iki ýyldan tutarys – diýdi.

Dili päkidenem ýiti Kümüş gelneje aýagy bilen üstüne gelen pursady duşundan geçirmedi:

– Ejeňden “general Galkin Daşhowuza gelenden näçe aý soňra doguldym” diýibem soramaly ekeniň. Şonda haýsy gün doglanyň-da anyk bolardy – diýdi.

Adatça bolşy ýaly, başda Beki dädäniň agzyndan biygtyýar bir-iki sany paýyş söz çykdy. Soňra-da, ol “aldyň-aý” diýip, hezil edip güldi.

***

“Iki molla gelsin”

Meşhur ýomakçy ýazyjy Gurbangylyç Hydyrow dogduk ili Daşoguza gezelenje baranda, keselleýär. Onuň ýagdaýyna seretdirmek üçin şol jelegaýda ýaşaýan lukmany Gurbangylyç aganyň myhman düşen öýüne çagyrýarlar. Lukman bilen Gurbangylyç aga köneden tanyş eken. Saglyk-amanlyk soraşan lukman:

– Gurbangylyç, ilki gan basyşyňy barlaýyn, galan ýagdaýy soňra anyklarys – diýýär.

Gurbangylyç Hydyr:

– Ilki şu ýere obanyň mollasyny çagyryň! Näme barlasaň, şondan soňra barla – diýýär.

Lukman Gurbangylyjyň bu teklibiniň manysyna düşünmändigini aýdýar. Gurbangylyç oňa:

– Ýadyňda bolsa, birki ýyllykda oba gelenimde dynç almaga guma bile gidipdik. Gonamçylygyň deňinden geçip barýan wagtymyz “Şu ýatan merhumlaryň köpüsi meň bejeren hassalarym” diýip, öwnüpdiň. Senden bejergi alsam, soňunyň näme
bilen tamamlanjagy, takmynan, göz öňüme gelýär. Şonuň üçinem, bejergiden öňürti molla gonamçylykda jaýlanmaly ýerimi aýtjak. O dünýäde göwnüň sygyşýan adam bilen goňşy ýatsaň, oňat bolarmyka diýýän – diýipdir.

***

Şahyr bolmak höwesi

Sowet Soýüzynyň Gahrymany, taryh ylymlarynyň doktory Pena Rejebow şöhratly hem-de manyly ömür sürdi. Ol 2007-nji ýylyň sentýabr aýynda 90 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ol ikimiz XIX asyrda ýaşap geçen taryhy şahs, 1858-nji ýyldaky Garrygala söweşine serkerdelik eden serdarlaryň biri Tuwakmyrat Taraşyň çowlugy. Garyndaşlyk çatrygy boýunça biz dolananoglan bolýarys.

Bir gezek ýaşy 70-e ýeten Pena kaka maňa:

– Amanmyrat, bally, wagtal-wagtal ýüregimde joşgun döreýär, goşgy goşasym gelýär. Nähili görýäň, menden şahyr çykarmy? – diýip, sowal berdi.

Men oňa:

– Pena kaka, şahyr bolmak top rasçýotyn bilen köprüni on sagatlap nemislerden gorap, üç tanky, kyrka golaý frisi (nemisi) ýok edip, üstesine-de ýetmiş nemis soldatyny ýesir alyp, Sowet Soýuzynyň Gahrymany bolmak ýaly aňsat iş-ä
däldir – diýdim.

Onuň owadan gülküsi bardy. Ol bir sellem hezil edip güldi. Gülküniň arasynda “Men-ä saňa ýaňky sowaly beren däldirin, senem şeýle sowaly eşiden dälsiň” diýip, gülküsini dowam etdi.

Il içinden çöplän we toplan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew
XS
SM
MD
LG